Google Discover habarlar lentasyny täzeledi. Indi onda sosial ulgamlardaky ýazgylar peýda bolar

  • 22.09.2025 00:53
  • 2.4k+

Google kompaniýanyň ykjam programmasyna gurlan we Android enjamlarynda elýeterli Discover hyzmaty üçin giňeldilen funksiýanyň çykandygyny yglan etdi. Bu barada taslamanyň resmi web sahypasynda habar berildi .

Google Discover – bu Google mobil programmasyna gurlan habarlar we mazmun lentasydyr. Hyzmat ulanyjynyň gyzyklanmalaryna, gözleg talaplaryna we onlaýn işjeňligine esaslanýan makalalary, wideolary we beýleki mazmuny düzýär. Ol 2018-nji ýyldan bäri işleýär we şuňa meňzeş Google Feed hyzmatynyň ornuna geldi.
Ulanyjylar indi onda gyzyklanýan neşirlerine we awtorlaryna ýazylyp bilýärler. Ulgam abuna ýazylmazdan ozal mazmunyň deslapky synyny hödürlär. Ony ulanmak üçin Google hasabyňyza girmeli bolarsyňyz.

"Discover-i halaýan neşirçileriňizden we awtorlaryňyzdan gelen köp sanly mazmunyň hasabyna şahsylaşdyryp bilersiňiz" diýip, hyzmatyň web sahypasynda aýdylýar.

Mundan başga-da, Discover-iň lentasynda X-den, Instagram-dan we YouTube Shorts-dan alnan ýazgylar ýygy-ýygydan görnüp başlar. Goldanýan platformalaryň sanawyny giňeltmek meýilleşdirilýär.
Search Engine Land-iň žurnalistleri Discover auditoriýany web sahypalara çekmek üçin täsirli gural bolup galýar, täze funksiýalar bolsa onuň ähmiýetini has-da artdyrar diýip hasaplaýarlar.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....