Disney, Universal we Warner Bros. Hailuo AI hytaý kompaniýasyny kazyýete berdi

  • 20.09.2025 06:56
  • 2.9k+

Amerikanyň Walt Disney, Universal we Warner Bros. Discovery kino kompaniýalary Comcast korporasiýasy bilen bilelikde, emeli aň esasly şekil generatory Hailuo AI-ni döreden Hytaýyň MiniMax kompaniýasyny kazyýete berdi. Bu barada Reuters agenligi habar berýär.

Studiýalar döredijileri awtorlyk hukuklaryny bozmakda we olaryň intellektual eýeçiligini neýroulgama öwretmekde aýyplaýarlar. Arza berijileriň sözlerine görä, MiniMax Hailuo AI-ni "jübiňizdäki Golliwud studiýasy" hökmünde tanatmak üçin meşhur film gahrymanlaryny “edepsizlik bilen” ulanypdyr.
Talap arzasynda hukuklary kompaniýalara degişli gahrymanlaryň keşpleriniň mahabat üçin ulanylandygyny görkezilýär. Ulanyjylar “Ýyldyzlar söweşinden” Dart Ueýderiň, “Nejis menden” minýonlaryň keşbini we Gudratly aýal ýaly gahrymanlary öz içine alýan şekilleri we wideolary döredip bilerdiler.
Arzaçylar MiniMax-yň düzgün bozmagy bes etmek baradaky talaby ýerine ýetirmandigini we ABŞ-nyň kanunlaryny äsgermezlik edendigini öňe sürdüler. Indi olar awtorlyk hukuklaryny goramak mehanizmi bolmasa, Hailuo AI-e hyzmatyny hödürlemegiň gadagan edilmegini gazanmak isleýärler.
Disney we Universal ozal şuňa meňzeş funksiýaly başga bir hyzmata – Midjourney-e  garşy arza beripdiler.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

11.06.2026 14:01
7.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....