Türkmenistanyň Döwlet sirki Göroglynyň döreýşi barada sahnalaşdyrylan sirk çykyşyna çagyrýar

  • 19.09.2025 15:04
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşyna çagyrýar.

Çykyşlaryň dowamynda şeýle hem Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklary alan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň tanymal artistleri çykyş ederler.
Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.
Giriş peteklerini Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasyndan onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95.


düýn 16:01
11k+

Türkmenistanda daşary ýurtlulary, raýatlygy bolmadyk şahslary hasaba almagyň tertibi üýtgedi

Türkmenistanda «Migrasiýa hakynda» Kanunyň daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary Döwlet migrasiýa gullugynda hasaba almagyň tertibini düzgünleşdirýän 12-nji maddasyna üýtgetmeler we goşmaçalar......

düýn 13:24
15k+

1-nji maýdan alkogol we temmäki önümleriniň dolanyşygy üçin jogapkärçilik güýçlendiriler

2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan Türkmenistanda goşmaça salgyt bellenen harytlaryň söwdasy ulgamyny düzgünleşdirýän kanunçylyga girizilen üýtgetmeler güýje girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

17.04.2026 19:50
25k+

Ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryna degişli täze kadalar 1-nji maýdan güýje girer

Türkmenistanyň Prezidenti Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekse üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky resminama gol çekdi. Resminama ýollarda birnäçe düzgün bozulmalary üçin jogapkärçiligiň......

15.04.2026 15:51
2.7k+

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi bolar. Onuň dowamynda Adalat ministrliginiň, prokuraturanyň we kazyýetiň hünärmenleri raýatlaryň hukuk bilen bagly soraglaryna jogap......