Tankytçylar Di Kaprionyň gatnaşmagynda çykan “Bir söweşden soň beýleki” filmine ýokary baha berdi

  • 20.09.2025 06:36
  • 4.9k+

26-njy sentýabrda režissýor Pol Tomas Andersonyň baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde çykan “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) drama trilleriniň premýerasy boldy.

Köpçülige ýaýramazdan ozal film tankytçylara görkezildi we ýokary bahalara eýe boldy: Rotten Tomatoes platformasynda 68 synyň esasynda 97% we Metacritic-de 33 synyň esasynda 100-den 96 bal.
Synçylaryň pikiriçe, “Nebit” we “Ussat” filmleriniň režissýory özüniň iň güýçli eserleriniň birini düşürdi. Olar filmiň dramadan we trillerden başlap, komediýa bölümlerini öz içine alýan žanr köpdürlüligine ýokary baha berdi. Ataly gyzyň keşplerini ýerine ýetiren Leonardo Di Kaprio bilen Çeýz Infinitiniň çykyşlary hem öwüldi. Şeýle-de, Şon Penniň aktýorlyk işi, sahnalaryň goýluşy, ssenariý we operatorlyk işi oňyn bahalandyryldy.
Synçylaryň aýtmagyna görä, Anderson ösüp barýan çaganyň ene-atasynyň häzirkizaman dünýäsiniň haýsy elhençlikleri bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny örän takyk görkezýär. Time Out neşirinden Lu Tomas filmi “162 minutlyk howp, komediýa, söýgi we bulaşyklyk” diýip häsiýetlendirdi.
Aleks Godfri (Empire Magazine) “onuň öçürip bolmajak filmleriň biridigini” belläp, filmi “sowuk, dessine klassyk” diýip atlandyrdy.
Dewid Fir (Rolling Stone) şeýle ýazdy: “Andersonyň bu ynsanperwer kino eseri şeýle diýýär: Söýgüsiz söweşip bolmaýar. Oýnuň soňy şeýle. Hut şeýle etmek bilen dogruçyllygy we sagdyn pikiri saklap bolýar. Bu geljegi goramagyň we ony üýtgetmegiň ýeke-täk usuly”.
Uilýam Bibbýani (TheWrap), tersine, materialyň artykmaçlygy barada aýtdy: “Pol Tomas Andersonyň bir filme köp adamlaryň susup almaga tapjak zatlaryny sygdyran bolmagy mümkin. Ýöne meniň görýän zadym – üns merkeziniň ýetmezçiligi”.
Şeýle-de, tankytçylar sýužetiň jemgyýetçilik ähmiýetini we filmiň emosional güýjüni belläp, “Bir söweşden soň beýlekiniň” giň gerimli wakany çuň mazmun bilen utgaşdyrýandygyny nygtady.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......