OpenAI aýratyn interfeýsli we ene-ata gözegçiligi bolan ChatGPT-niň çagalar wersiýasyny döreder

  • 20.09.2025 18:01
  • 2.3k+

OpenAI kompaniýasy "ChatGPT-niň çagalar interfeýsiniň" üstünde işleýär we ulanyjylary ýaşy boýunça awtomatiki tertipleşdirmegi meýilleşdirýär.

Munuň üçin ýaşy çaklamak tehnologiýasy ulanylar. Ulgam ulanyjynyň ýaşyny takyk kesgitläp bilmese, ulanyjy 18 ýaşdan kiçi wersiýa ugrukdyrylar. ChatGPT-i ulanmak üçin iň pes ýaş 13 bolup galar.
OpenAI-yň baş direktory Sem Altman kompaniýanyň ýetginjekleriň howpsuzlygyny erkinlikden we gizlinlikden ileri tutýandygyny, sebäbi tehnologiýa kämillik ýaşyna ýetmedikleriň goralmagyny talap edýändigini aýtdy.
Täze interfeýs ene-atanyň gatnaşmagyny talap edýär: olar akkauntlaryny ýetginjekleriň akkauntlary bilen baglanyşdyrmaly. Bu ChatGPT-niň funksiýalaryny çäklendirmäge, dartgynly ýagdaýyň alamatlary barada habarnamalary almaga we hyzmatdan peýdalanmaly däl wagty kesgitlemäge mümkinçilik berer.
Bu bildiriş Waşingtonda ýetginjekler üçin çat-botlaryň howply taraplary barada dowam edýän diňlenişikleriň, şeýle hem OpenAI we Meta, Google, xAI, Snap we Character.AI ýaly beýleki tehnologiýa kompaniýalaryndan maglumat soraýan ABŞ-nyň Federal Söwda Geňeşiniň geçiren derňewi wagtynda ýaýradyldy.
Bu pudakda eýýäm YouTube Kids ýaly çagalara niýetlenen hyzmatlaryň mysallary bar, ýöne olar seýrek ýagdaýda meşhurlyk gazanýarlar: ýetginjekleriň köpüsini ene-atanyň gözegçiligini talap edýän programmalary ulanmaga yrmak kyn. Çagalar, köplenç, tehnologiýa düşünişleri taýdan ene-atalaryna garanyňda has ökde we isleýän web sahypasyna we programmasyna girmek üçin aýlawly ýollary gözläp bilýärler.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......