iPhone Air-y elde egreltmek başartmady. Munuň üçin ýokary göteriji kran gerek boldy

  • 20.09.2025 16:37
  • 6.2k+

Belli bloger JerryRigEverything Apple kompaniýasynyň täze we iň inçe smartfony bolan iPhone Air-i adatdan daşary synaglardan geçirdi. Smartfonyň ýogynlygynyň bary-ýogy 5,6 mm bolandygyna garamazdan, titan korpusly enjam haýran galdyryjy berkligi görkezdi.

Ilki bilen bloger ikinji nesil Ceramic Shield aýnasy bilen goralan ekrany synap gördi. Nelson Moos şkalasy boýunça aýnanyň ýüzüni çyzdy: oňa diňe ýedinji derejede zeper ýetdi, ýöne bu çyzyklar hem görünmeýär diýen ýaly.
Soňra bloger smartfonyň ýylmanan titandan ýasalan gapdal gyralaryny barlady. Olar adaty päki degse-de çyzylýar, ýöne smartfonyň düwmeleri, käbir bäsdeşlerinden tapawutlylykda, ýerinden gaçmady.
Bloger ekrany ot bilen hem barlap gördi – displeý zeper ýetmezden bu synaga çydady.
Ýöne iň esasy synag iPhone Air smartfonyny egreltmek boldy. Nelson smartfona öňünden we yzyndan agram salyp, egreltmäge synanyşdy, ýöne çarçuwa sähel egrelip, ýene öňki ýagdaýyna gaýdyp geldi. Smartfony diňe garažda ýokary göteriji kranyň kömegi bilen egreltmek başartdy. Munuň üçin iPhone Air-e 97 kg güýç bilen agram salyndy. Ekranyň aýnasy döwüldi, ýöne displeý işlemegini dowam etdirdi, yzky panel bolsa asla bitin galdy.
Blogeriň gelen netijesine görä, gündelik durmuşda iPhone Air-i egreltmek mümkin däl, şonuň üçin adaty ulanylyş we hatda smartfonyň üstünde tötänleýin oturmak hem oňa hiç hili zyýan ýetirmez.




16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...