Jastin Biber Coachella 2026 festiwalynda iki çykyşy üçin 10 mln dollardan gowrak gazanar

  • 20.09.2025 14:15
  • 4.7k+

Jastin Biber 11 – 18-nji aprelde geçiriljek Coachella 2026 festiwalynda iki çykyşy üçin 10 mln dollardan gowrak girdeji gazanar diýip, Rolling Stone habar berýär.

Insaýderleriň maglumatlaryna görä, sazanda gönüden-göni festiwalyň guramaçylary bilen gepleşik geçirdi. Neşir munuň “hedlaýner üçin öwrülişikli pursatdygyny – artistiň karýerasynda täze eýýamyň başlangyjydygyny” belleýär.
Coachella festiwalyndaky çykyş Biber üçin 2022-nji ýyldaky “Justice World Tour” konsert syýahatyndan bäri ABŞ-da ilkinji konsert bolar. Ýakynda aýdymçy iki sany täze albom çykardy: “Swag” we “Swag II”.
Biberden başga-da, festiwalda Sabrina Karpenter, Karol G, The XX, Nine Inch Nails, Disclose, Turnstile, Ethel Cain, Katseye, The Strokes, Eddison Reý, Labrinth, Dewid Birn, Interpol we beýleki artistler çykyş eder.
Deňeşdirmek üçin, 2025-nji ýylda festiwalyň hedlaýnerleri Ledi Gaga, Green Day we Post Malone boldy. Çykyş edenleriň arasynda Charli XCX, Trewis Skott, Tyla, Megan Thee Stallion, Sem Fender, Ed Şiran, Misfits, Benson Boone, Japanese Breakfast, The Prodigy hem bardy. Blackpink toparynyň agzalary Jenni we Lisa hem aýratynlykda çykyş etdi. 

şu gün 11:17
2.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
665

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......