ABŞ-da XVII asyrda ýitip giden dodo guşuny “direltmäge” taýýarlanýarlar

  • 20.09.2025 14:23
  • 5.1k+

Amerikan biotehnologiýa startapy Colossal Biosciences inc. XVII asyrda ýitip giden dodo guşuny gaýtadan janlandyrmaga çalyşýar. Kompaniýa eýýäm munuň üçin 120 mln dollar maýa goýum çekdi diýip, Bloomberg habar berýär.

Alymlar bäş-ýedi ýylyň içinde dodony gaýtadan döretmegi meýilleşdirýär. Olar birinji tapgyrda dodonyň iň ýakyn garyndaşy hasaplanýan kepderileriň ilkinji jyns öýjüklerini ösdürip ýetişdirdi.
Maýa goýumlaryň bir bölegi Tehasda guşlary öwrenmek boýunça merkeziň gurluşygyna sarp ediler.
Dododan başga-da, Colossal Biosciences inc. tüýli syçany we möjekleriň ýitip giden görnüşini (direwolf) gaýtadan döretmek bilen meşgullanýar, şeýle-de plastik galyndylary gaýtadan işlemek we programma üpjünçiligini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirýär.
Dodo ýa-da Mawrikiý dronty barada ilkinji gezek 1598-nji ýylda agzalyp geçildi. Guşlar uçmaýan bolup, köplenç, aç deňizçileriň we ada getirilen haýwanlaryň awyna öwrülipdir. Soňky gezek dodony 1662-nji ýylda gördüler.
Görnüşiň ýitip gitmegi uzak wagtlap rowaýat hasaplanypdy. Diňe 1840-njy ýyllarda Ýewropa getirilen galyndylary öwrenmegiň netijesinde dodolaryň, hakykatdanam, bolandygy we kepderiler maşgalasyna degişlidigi anyklandy. 


29.05.2026 23:05
4.1k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

28.05.2026 19:36
11k+

ABŞ-nyň prokurorlary DÇ-2026-nyň biletleriniň gymmatlamagy boýunça derňew geçirýärler

Nýu-Ýork we Nýu-Jersi ştatlarynyň baş prokurorlary 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň biletleriniň satylmagy bilen baglylykda FIFA-nyň üstünden derňew işini başladylar....

28.05.2026 12:35
4.1k+

"Nindzýa-söweşiji" teleşüweleňi 2028-nji ýylda resmi taýdan Olimpiýa oýunlarynyň bir görnüşine öwrüler

“Nindzýa-söweşijiniň” meşhur teleýaýlym formaty resmi taýdan 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň bir bölegine öwrüler. Bu barada Variety neşiri habar berýär....

27.05.2026 00:21
3.9k+

Günorta Koreýa ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde iň uly ikinji kosmetika eksportçysy boldy

Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta......