Meta linza oturdylan ekran bilen ilkinji akylly Ray-Ban äýnegini hödürledi

  • 18.09.2025 23:36
  • 5.3k+

Meta kompaniýasy 17-nji sentýabrda Kaliforniýada açylan Meta Connect konferensiýasynda öz akylly äýnekleriniň üç sany täze modelini hödürledi: Meta Ray-Ban Display, Meta Ray-Ban Gen 2 we Oakley Meta Vanguard.

Esasy üns Meta Ray-Ban Display äýnegine gönükdirildi. Onuň sag linzasyna kiçiräk ekran oturdyldy we ol habarnamalary, SMS habarlaryny, jaňlary we programma nyşanlaryny görkezýär. Äýnek emeli aňy goldaýar we myşsalaryň signalyny hasaba alýan Neural Band bilezigi arkaly dolandyrylýar. Şeýle-de, onda, öňki wersiýalarda bolşy ýaly, ses dolandyryşy göz öňünde tutuldy.
Meta Ray-Ban Display 30-njy sentýabrda ABŞ-da 799 dollar baha bilen satuwa çykar. Toplumda Neural Band bilezigi-de bar. 2026-njy ýylyň başynda modeli Kanadanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Beýik Britaniýanyň bazarlaryna çykarmak meýilleşdirilýär.
Galan modeller – Meta Ray-Ban Gen 2 we Oakley Meta Vanguard kamera, mikrofon we nauşnik bilen üpjün edildi we ses arkaly emeli aň bilen işleşmäge mümkinçilik berýär. Meta Ray-Ban Display-den tapawutlylykda, olarda ekran ýok.
Meta Ray-Ban Gen 2 äýnegi 349 dollar bahadan eýýäm elýeterli. Oakley Meta Vanguard-yň satuwy 21-nji oktýabrda başlar, onuň bahasy 499 dollar bolar.
Meta-nyň Ray-Ban bilen bilelikde döredilen ilkinji akylly äýnegi 2021-nji ýylda çykaryldy. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......