Finger Maus – täze barmak syçanjygy hödürlendi

  • 19.09.2025 14:45
  • 2.3k+

Tehnologiýa bazarynda täze enjam – Finger Maus gajeti peýda boldy. Ol kursory stol we halyça bolmazdan gönüden-göni howada dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, TechSpot habar berýär.

Enjam süýem, orta ýa-da ogulhajat barmaga dakylýar we simsiz syçanjyk ýaly işleýär. Işläp düzüji Maks Eterniti bu konsepsiýanyň üstünde 2010-njy ýyldan bäri işleýär we häzir gurluş bazara çykmaga taýyn.
Finger Maus-yň esasy artykmaçlyklary:

  • ·Tekizlik bolmazdan kursory dolandyrmak;
  • ·Adaty syçanjyklar bilen deňeşdirilende ýeňil we ekologiýa taýdan arassa;
  • ·Sessiz iş;
  • ·Kompýuterler, planşetler we smartfonlar bilen gabat gelijilik.

Bu gajet, aýratynam, hereketi çäkli bolan adamlar we garry ulanyjylar üçin peýdaly bolar. Stolda elini hereket etdirmekde ýa-da adaty syçanjygy saklamakda kynçylyk çekýän adamlar üçin barmaga dakylýan enjam amatly çözgüde öwrülýär.
Finger Maus aşakdaky tehniki aýratynlyklary bilen öwnüp biler:

  • ·Bluetooth 5.2 arkaly simsiz birikme;
  • ·Litiý-polimer akkumulýatoryndan awtonom energiýa;
  • ·Windows, macOS, Android we iOS bilen gabat gelijilik;
  • ·Ýumşak lukmançylyk silikonyndan ýasalan bolup, barmakda rahat oturýar.

Işläp düzüji kompaniýa Mauswear-yň aýtmagyna görä, bu gurluş fiziki taýdan çäklendirmeleri bolan adamlara sanly işjeňligi saklamaga mümkinçilik berýär. Önümçilik 3D çap usulynyň ulanylmagy bilen gurnaldy, gajet ýeňil we zyýanly däl.
Takyk aýratynlyklar we baha barada maglumat entek ýok, ýöne satuw 2025-nji ýylyň sentýabrynda Indiegogo platformasy arkaly başlar. Bilermenler önümiň üstünliginiň sensorlaryň takyklygyna we enjamyň rahatlygyna bagly boljakdygyny belleýär. 


30.05.2026 11:28
1.3k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:06
2.2k+

Disney ýüzi tanamak tehnologiýasy sebäpli köpçülikleýin şikaýat bilen ýüzbe-ýüz boldy

Disneyland we Disney California Adventure tematiki seýilgählerinde ýüzi tanamak ulgamynyň ulanylmagy sebäpli Disney kompaniýasynyň üstünden köpçülikleýin şikaýat arzasy berildi. Şikaýatçylar seýilgählere......

12.05.2026 18:27
1.7k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....