Ekwadorda 112 mln ýyl ýaşy bolan ýantar tapyldy: onda şol döwrüň mör-möjekleri gatap galypdyr

  • 21.09.2025 21:17
  • 6.2k+

Ekwadoryň gündogaryndaky çägeli karýerde biologiki galyndylar bilen gatan 112 mln ýyllyk ýantaryň Günorta Amerika üçin ilkinji nusgalary tapyldy. Gatan şepbikde dinozawrlar döwründe ýaşan tomzaklar, çybynlar, siňekler, arylar, çirkeýler we kerep saklanyp galypdyr.

Ylmy gözlegiň netijeleri Communications Earth & Environment žurnalynda neşir edildi.
2022-nji ýylda Barselona uniwersitetinden Hawýer Delklosyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Genowewa karýerine ekspedisiýa gurady. Ýantaryň emele gelen şepbigi Gondwana superkontinenti eýýamynda häzirki Ekwadoryň çäklerinde ösen araukariýa maşgalasynyň iňňeýaprak agaçlaryndan bölünip çykypdyr. 


Umuman alanyňda, ylmy gözlegçiler ýantaryň 60 nusgasyny ýygnady we olaryň üçden birinden gowragynda biologiki galyndylar: mör-möjekler, kerep we ösümlik bölekleri bardy.
Tapyndy uly ähmiýete eýedir, sebäbi häzire çenli Günorta Amerikada biologiki galyndylary saklaýan mezozoý döwrüne degişli ýantar tapylmandy. Ähli tapylan görnüşler ylym üçin täze boldy.
Mör-möjekleriň arasynda, esasan, siňekler, arylar, çirkeýler, çybynlar we tomzaklar köp. Gan sorýan mör-möjekleriň bolmagy sebitde dinozawrlar ýa-da guşlar ýaly oňurgaly haýwanlaryň ýaşandygyny görkezýär. Ýöne şepbikde himiki aýratynlyklary sebäpli gadymy ýaşerleriň DNT-si saklanyp galmandyr. 


11.06.2026 14:01
8.3k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 11:13
9.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

07.06.2026 17:05
9.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.6k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......