“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton öz awtomobil kolleksiýasyny satandygyny habar berdi.
“Indi meniň ulaglarym ýok. Men kolleksiýamdan dyndym. Meni sungat has özüne çekýär. Eger men ulag satyn aljak bolsam, bu Ferrari F40 bolardy. Bu sungat eseri ahyryn” – diýip, Motorsport onuň sözlerini getirýär.
Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, ulag kolleksiýasynyň umumy bahasy, takmynan, 15 mln ýewro boldy. Dürli wagtlarda Hemilton 15 awtomobil sürdi – olaryň arasynda Pagani-niň, Ferrari-niň, Mercedes-iň we McLaren-iň sportkarlary, şeýle-de başga modeller bardy. Kolleksiýada motosikliň hem bolup bilendigi bellenilýär. Modelleriň özboluşly aýratynlyklaryndan başga-da, olaryň meşhur ýaryşa gatnaşyja degişli bolmagy ulaglaryň gymmatyny artdyrýar.
Hemilton 40 ýaşynda. Ol Mihael Şumaher bilen bilelikde “Formula-1-de” çempion titullarynyň sany boýunça öňdebaryjydyr. Häzirki wagtda “Ferraride” çykyş edýän britaniýalynyň hasabynda Gran-pri ýaryşlarynda rekord 105 ýeňiş we 104 poul bar.