Bred Pitt bilen “Formula-1” filmi 22-nji awgustda onlaýn çykar

  • 18.08.2025 08:47
  • 3.3k+

“Formula-1” ýaryş blokbasteri 22-nji awgustda onlaýn kinoteatrlarda elýeterli bolar. Bu barada WhenToStream portaly habar berdi.

Apple Studios studiýasynyň filmi iýun aýynyň ahyrynda prokata çykdy we dünýä prokatynda 579 mln dollar ýygnady. Film baş keşbi ýerine ýetiren Bred Pittiň karýerasynda iň köp girdeji gazanan taslama boldy.
Sýužet öňki ýaryşa gatnaşyjy Sanni Heýs (Pitt) barada gürrüň berýär. Ol “Formula-1” çempionatynyň ýaş gatnaşyjysy Joşua Pirs üçin halypa hökmünde awtosporta gaýdyp gelýär. Pirsiň keşbini Demson Idris ýerine ýetirdi.
Şeýle-de, filme Hawýer Bardem we Kerri Kondon gatnaşdy. Režissýor Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) boldy.


düýn 23:58
459

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
8.1k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
5.9k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....