“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

  • 05.08.2025 15:14
  • 5.1k+

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy.

Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln). Şeýle-de, Pitt iki filmiň hem prodýuseri hökmünde-de çykyş etdi. Býujet 200-300 mln dollar boldy.
Filmiň sýužeti öňki ýaryşa gatnaşyjy Sanni Heýs (Pitt) barada gürrüň berýär. Ol ýaş gatnaşyjy Joşua Pirsi (Idris) ýaryşa taýýarlaýar. Filmiň režissýory Jozef Kosinski (“Top Gan: Mewerik”) boldy. Şeýle-de, filme Demson Idris, Hawýer Bardem we Kerri Kondon gatnaşdy.
Söhbetdeşlikleriň birinde Kosinski filmiň baş gahrymanynyň obrazy üçin 1983-nji ýylda karýerasyna başlan we 1990-njy ýyllaryň başynda “Formula-1-de” ilkinji gezek çykyş eden britaniýaly ýaryşa gatnaşyjy Martin Donnelliniň ykbalynyň esas bolandygyny gürrüň berdi. 1990-njy ýylda Ispaniýanyň Gran-prisinde türgenleşik wagty asgyjyň (podweska) näsazlygy sebäpli, Donnelli 283 km/sag tizlikde germewi urdy. Şassi ikä bölündi, Donnelli bolsa ýola zyňyldy. Ol köp sanly agyr şikes aldy. Asfalt ýolunda aýagy gaňrylgy ýatan sürüjiniň kadrlary şol wagt giňden ýaýrady.
Film hem bu heläkçiligi ýokary takyklyk bilen gaýtalaýar: şol bir ýol, döwlen şassi, ulagdan zyňylan sürüji. Ýöne Heýsiň şikesleri tomaşaça jikme-jik ýetirilmeýär-de, diňe arka agyrysy agzalýar. Uzak wagtlap dikeldişden soň Donnelli ýaryşy terk etmeli boldy. Soňra ol sürüjilere maslahat berdi, retro-ýaryşlara gatnaşdy we “F-1” çempionatynyň tapgyrlaryna eminlik etdi. Onuň uly sportda ikinji mümkinçiligi bolmady, ýöne onuň karýerasy barada dokumental film düşürildi.
“F1” filminde Donnelli geňeşçi bolup çykyş etdi we surata düşürilýän meýdançalara gatnaşdy. Nýu-Ýorkdaky premýerada Pitt Donnellä gatnaşandygy üçin köpçüligiň öňünde minnetdarlyk bildirdi.
Mundan öň, “Formula-1” “Napoleondan” we “Gül Aýynyň ganhorlary” filminden öňe geçip, Apple Studios-yň iň uly taslamasy diýlip ykrar edildi. Tankytçylar filme oňyn baha berdi: Rotten Tomatoes-de 83%, Metacritic-de 100-den 68 bal.


şu gün 09:56
1.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
1.2k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.3k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......