Apple “F1” filminiň üstünliginden soň hakyky ýaryşlary ýaýlyma bermäge hukuk almak isleýär

  • 10.07.2025 20:43
  • 2.5k+

Apple ABŞ-da “Formula-1” ýaryşlaryny ýaýlyma bermäge hukuk satyn almak barada onuň häzirki eýesi ESPN bilen gepleşikleri geçirýär. Bu barada Financial Times ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple-iň islegi Bred Pittiň gatnaşmagyndaky “F1” filminiň üstünliginden soň güýçlendi. Film 300 mln dollardan gowrak ýygnap, studiýanyň ilkinji uly blokbasteri boldy. Häzir Apple TV+ platformasynda MLB-niň (beýsbol) we MLS-iň (futbol) göni ýaýlymlary elýeterli, şonuň üçin ulag ýaryşlary platformanyň sport kontentini ösdürmekde nobatdaky ädim hökmünde gözden geçirilýär.
ESPN häzirki şertnama üçin ýylda, takmynan, 85 mln dollar töleýär. Analitikler täze şertnamanyň ýylda 120-150 mln dollar bolup biljekdigini çaklaýar.
ABŞ-da patyşalyk ýaryşlaryna isleg artýar, ortaça tomaşaçy auditoriýasy 2018-nji ýyldaky 554 000 adamdan 2025-nji ýylda 1,3 mln adama çenli artdy. Bilermenler muny Apple-iň filminiň we Netflix-iň “Drive to Survive” serialynyň meşhurlygy bilen baglanyşdyrýar.
Eger ylalaşyk gazanylsa, Apple öz platformasyna diňe bir ýaryşlardan göni ýaýlymlary däl, eýsem toparlar we ýaryşa gatnaşyjylar barada eksklýuziw wideo materiallaryny we dokumental taslamalary hem goşup biler.


düýn 11:20
3k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...