Şalame Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýor boldy

  • 19.09.2025 00:58
  • 5.5k+

Aktýor Timoti Şalame High Side (“Beýik tarap”) jenaýat trillerine gatnaşandygy üçin hak ujy hökmünde 25 mln dollar alar. Bu barada The New York Times gazeti ýazýar.

Şeýle mukdar 29 ýaşly Şalameni Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýora öwürýär. Ozal şeýle ýaşda şonça mukdary “Ýokaryk seretmäň” filmi üçin Jennifer Lourens alypdy. Bu filme Şalame hem gatnaşdy.
High Side filmi Haýme Oliweýranyň çap edilmedik kyssasyna esaslanýar. Sýužet boýunça öňki motosikl ýaryşyna gatnaşyjy öz dogany bilen bilelikde bank talap başlaýar. Filmiň režissýory we prodýuseri “Ford v Ferrari” we “Bob Dilan: Nätanyş” filmlerini düşüren Jeýms Mengold bolar. Premýera Paramount Pictures studiýasynyň howandarlygynda bolar.
Geljekki film “Tutluşyk” (Схватка) trilleri we “Islendik ýol bilen” (Любой ценой) neo-westerni bilen deňeşdirilýär.
Mundan başga-da, şu gyşda Şalameniň gatnaşmagynda Marty Supreme sport dramedisi prokata çykar. Häzirki wagtda aktýor “Alaňyň” üçünji bölüminiň düşürilişine gatnaşýar. Onuň relizi 2026-njy ýylyň dekabryna meýilleşdirildi.


şu gün 09:56
1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

şu gün 09:53
897

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2.1k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
4.1k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......