Infografika: çagalar ekrana seredip näçe wagtyny sarp edýär we bu wagt nämä gidýär

  • 20.09.2025 16:49
  • 2.9k+

Bu günki gün çagalar eýýäm irki ýaşlardan başlap ekranlaryň gurşawynda ýaşap başlaýarlar. Telewizorlar, planşetler, wideo oýunlar we smartfonlar olaryň gündelik durmuşynyň bir bölegine öwrüldi.

Bilermenler infografika taýýarladylar. Ol çagalaryň ekranyň öňünde näçe wagtyny geçirýändigini, şol wagty näme işler üçin sarp edýändigini we ýaş toparlaryna görä ortaça gündelik ekran wagtyny görkezýär. Maglumatlar ABŞ-da 1578 ene-atanyň gatnaşmagynda geçirilen The Common Sense Census 2025 barlagyna esaslanýar.


Netijeler iki esasy kanunalaýyklygy görkezdi. Birinjiden, çagalaryň köp wagty wideo görmek bilen geçýär. Ikinjiden bolsa, ýaş ulaldygyça ekran wagty has-da artýar. Telewizor we wideo görmek umumy ekran wagtynyň 60%-ni tutýar, bu bolsa passiw tomaşa etmegiň adaty endige öwrülendigini görkezýär. Ikinji ýerde oýunlar bar (26%). Şeýlelikde, wideo we telewizor bilen bilelikde olar çagalaryň ekranyň öňünde geçiren wagtynyň 86%-ini düzýär.
Galýan 14% bolsa ekrandan okamak (4%), wideojaňlar (4%), sosial ulgamlarda wagt geçirmek (2%), öý işlerini ýerine ýetirmek (1%) we beýleki işjeňlikleriň (3%) arasynda paýlanýar. Diýmek, ekran wagtynyň esasy bölegi güýmenje maksatly ulanylýar.
Iki ýaşdan kiçi çagalar günüň dowamynda biraz artyk bir sagat ekranyň öňünde bolýarlar. Iki — dört ýaşly çagalar bolsa günüň dowamynda iki sagatdan gowrak wagt sarp edýärler. Bäş — sekiz ýaşlylarda bolsa ortaça ekran wagty üç sagat 28 minut bolýar. Bu bolsa kiçi ýaşly toparlara garanyňda iki esse diýen ýaly köp. Başlangyç mekdep ýaşyndaky çagalaryň ekranda geçiren wagtyna ýene bir sagat 20 minut goşulýar, bu öňki topara görä 63% köpräkdir.

Bu tendensiýa enjamlar bilen giňişleýin elýeterliligi, çagalaryň özbaşdaklygynyň artmagyny we ýaş ulaldygyça sanly mediýa bolan gyzyklanmanyň güýçlenýändigini görkezýär.

Ýatlatsak, türkmenistanly ýaş «ajy-tehnolog» çagalaryň ekranyň öňünde geçirýän wagtyny peýdaly peýdalanmaga mümkinçilik berjek çözgüt oýlap tapdy. Onuň döreden mobil programmasy Britaniýanyň Junius Tech kompaniýasynyň ünsüni özüne çekdi. Bu kompaniýa programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

şu gün 12:35
3.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3.3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.8k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......