Ortaýer deňzinde Raýan Goslingiň düşmeginde “Ýyldyzlar urşy” filmi surata düşürilip başlandy

  • 22.09.2025 00:36
  • 4.8k+

“Ýyldyzlar urşy” atly meşhur kino seriýasynyň “Ýyldyz gyryjysy” (“Звездный истребитель”) diýip atlandyrylan onunjy bölümi surata düşürilip başlandy. Režissýor Şon Lewi surata düşüriş meýdançasyndan bir fotosuraty sosial torlara ýerleşdirdi.

Suratda Raýan Gosling ("Barbi") we ýaş aktýor Flin Greý ("Şerlok we gyz") sal-sal eşikde gaýykly ýüzüp barýar. Filmiň düşürilýän ýeri Italiýanyň Sardiniýa şäheri. Lewi surata şeýle ýazgy ýazdy: "Ortaýer deňziniň töwereklerinde".
Täze filmiň ýordumy “Skaýuoker. Günüň dogşy” (“Скайуокер. Восход”) atly dokuzynjy parçanyň wakalaryndan bäş ýyl soň ýaýbaňlanýar.

"Myş-myş köki bar, käsi dogry, käsi ýapa degenok. Bu prikwelem däl, sikwelem. Bu täze bir başdan geçirme "- diýip, režissýor düşündirdi.

Filmiň edebi esasyny öň Lewi bilen “Adam” taslamasy” (“Проект “Адам””) we “Mundan beýläk özüňiz ýaşaň” (“Дальше живите сами”) filmleriniň üstünde işlän Jonatan Tropper ýazdy.
“Ýyldyz gyryjysy” 2027-nji ýylyň 28-nji maýynda görkeziler.
Filmde Raýan Gosling, Flin Greý we Mia Got (“Perl”) çykyş eder. Antagonistiň keşbini Met Smit (“Lukman Kim”) ýerine ýetirer.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......