Gensler kompaniýasynyň arhitektorlary geljekki Bagdadyň render suratlaryny görkezdiler

  • 20.09.2025 18:08
  • 10k+

Amerikanyň Gensler binagärlik firmasy Yragyň paýtagty Bagdatda şäheriň täze etrabynyň görnüşlerini görkezdi. Baghdad Sustainable Forests  diýlip atlandyrylýan taslama 10 million inedördül metr tokaý meýdanynda döredilýär we bir million agaç ýerleşdirmek göz öňünde tutulan.

Bu sebit öňki harby lageriň ornunda ýerleşer we Emkanat deweloperi üçin işlenip düzülýär.
Täze etrapda seýilgähler we ýaşyl zolaklar bilen gurşalan gökdirän binalary, ýaşaýyş jaýlaryny, söwda we täjirçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Giriş derwezeleri ulgamy taslamanyň çäklerini aňladar, oňa tegelek burçly inedördül bazada ýerleşen egri şekildäki, 260 metr beýiklikdäki Al Rasheed Gateway-den we Tigr derýasynyň bir bölegini köpçülige açjak River Gateway-den giriler.

Täze taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň arasynda şäheriň täzelenmeginiň nyşanyna öwrüljek 110 metr beýiklikdäki Milli pawilýon bolar. Şeýle hem bu sebitde tematiki tokaýlar ýerleşer: Sungat we medeniýet tokaýlygy, Saglyk we abadançylyk tokaýlygy, Çagalaryň we güýmenjeleriň tokaýlygy, Sport we bedenterbiýe tokaýlygy.
Taslama häzirki zaman binagärçiligini tebigy gurşaw bilen birleşdirýän "ekologiki şäher etrapçasyny" döretmäge gönükdirilendir.


31.12.2025 08:57
7.6k+

Yrakda gowy ýagdaýda saklanyp galan 3000 ýyllyk küýzegärçilik ussahanasy tapyldy

Arheologlar Yrak Kürdüstanynda gadymy küýzegärçilik ussahanasyny ýüze çykardylar. «Journal of Archaeological Science» neşiri onuň takmynan 3000 ýyllyk ýaşyna garamazdan, örän gowy ýagdaýda saklanyp galandygyny habar berýär...

01.02.2025 12:03
9.9k+

Arheologlar Yragyň çöllüginde 1,5 million ýyllyk daş palta tapdylar

Brýusseliň azatlyk uniwersitetiniň (VUB) alymlary Yragyň Günbatar çölünde 1,5 million ýyllyk daş gurallary tapdylar diýip, Phys.org ýazýar. VUB-yň arheologiki ekspedisiýasy Yragyň Günbatar çölündäki Aş-Şabaka sebitinde...

şu gün 00:04
908

Singapurly tälimçi asylmak boýunça goýan rekordyny ogluna bagyşlady

Singapurly tälimçi we ýoga mugallymy Razif Ýusoff öz bedenine goşmaça 176,1 kilogram agramy berkitmek we hereketsiz asylyp durmak bilen, Ginnesiň dünýä rekordyny täzeledi....

düýn 20:55
1.6k+

ABŞ-da kuwwaty 100 ýyla ýetýän ýadro batareýasy oýlap tapyldy

Amerikanyň NRD LLC kompaniýasy hiç hili hyzmat talap etmezden 100 ýyllap pes güýçli elektronikany energiýa bilen üpjün edip bilýän NBV gaty jisimli ýadro batareýasyny döretdi. Enjam nikel-63 izotopynyň......