Arheologlar Yragyň çöllüginde 1,5 million ýyllyk daş palta tapdylar

  • 01.02.2025 12:03
  • 9.9k+

Brýusseliň azatlyk uniwersitetiniň (VUB) alymlary Yragyň Günbatar çölünde 1,5 million ýyllyk daş gurallary tapdylar diýip, Phys.org ýazýar.

VUB-yň arheologiki ekspedisiýasy Yragyň Günbatar çölündäki Aş-Şabaka sebitinde gözleg işlerini tamamlady. Şol ýerden irki we orta paleolit döwrüne degişli ýedi ýadygärlik hem-de 850-den gowrak gadymy tapyndy ýüze çykaryldy.

«Bu tapyndylar bize gadymy adamlaryň tebigaty nädip ulanandyklaryna we howa şertlerine nähili uýgunlaşandyklaryna düşünmäge ýardam berer» diýip, ekspedisiýanyň baştutany Ella Egberts düşündirdi.

Tapyndylaryň arasynda 1,5 million ýyllyk daş el paltalary, şeýle-de 300 müň-40 müň ýyl ozal peýda bolan lewaluaz usulynda ýasalan daş bölekleri hem bar. Bu daş bölekleri inçejik plitalar görnüşinde bolup, takyk işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylypdyr.
Gözleg işleri pleýstosen döwründe uly kölüň bolan ýerinde geçirildi. Emma häzirki wagtda ol köl guran. Alymlaryň pikirine görä, gadymy adamlar bu sebiti suw we gural ýasamak üçin çig mal çeşmesi hökmünde ulanypdyrlar.


şu gün 00:08
3.2k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 18:42
3.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 11:11
2.3k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

03.06.2026 19:11
2.9k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......