Meşhur ýapon aktrisasy «Ekspo-2025» sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň myhmany boldy

  • 21.09.2025 20:46
  • 9.4k+

Meşhur ýapon aktrisasy, model, jemgyýetçilik işgäri we Ýapon pawilýonynyň direktory Norika Fudziwara Osakada geçirilýän «Ekspo-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň hormatly myhmanlarynyň biri boldy.

Hormatly myhmanlaryň arasynda Ýaponiýanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara guramalaryň we diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem bardy.
Pawilýona Osaka prefekturasynyň wise-gubernatorlary Sigeki Watanabe we Nobuhiko Ýamaguti, Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyklar ministrliginiň baş direktory Kuniaki Hara, Fransiýanyň baş komissary Žak Mer, «Ekspo» Assosiasiýasynyň baş sekretarynyň orunbasary Manatsu Itinoki, Sukuba uniwersitetiniň rektory Kýosuke Nagata, ABŞ pawilýonynyň direktory Rami Şakra, Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakraliew, şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň parlament boýunça wise-ministri, Geňeşçiler palatasynyň agzasy Akiýosi Kato bardy.

Myhmanlara ýurduň baý medeni mirasy, el işleri, binagärlik däpleri hem-de dürli ugurlardaky häzirki zaman taslamalary bilen tanyşmak mümkinçilikleri hödürlendi. Mähirli garşylama we inçelik bilen taýýarlanan türkmen tagamlary pawilýondaky ýagdaýy has-da ýatda galyjy etdi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:13
5.3k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......