Leonardo Di Kaprio bilen Jennifer Lourens režissýor Skorsezeniň täze filminde oýnar

  • 20.09.2025 14:21
  • 4.5k+

Martin Skorseze “Gije nämeler bolýar” (Что происходит ночью) ady bilen täze film taýýarlaýar. Ol Piter Kemeronyň romanyna esaslanýar. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio bilen Jennifer Lourens ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri ýazýar.

Film ýanwarda düşürilip başlanar, taslamany maliýeleşdirmek bilen Apple Original Films we Studiocanal meşgullanar.
Waka çagany ogullyga almak üçin Ýewropanyň garly şäherine ugraýan är-aýal barada gürrüň berýär. Ýöne olaryň ýoly garaşylmadyk ýagdaýda syrly bir myhmanhananyň üstünden barýar. Bu ýerde olar täsin we mistiki personažlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Kem-kemden gahrymanlar hakykat duýgusyny ýitirip, öz durmuşyna şübhelenip başlaýar.
Skorseze we Di Kaprio üçin bu “Näletlenenleriň adasy” filminiň ruhunda triller žanrynda ýene bir bilelikdäki iş bolar. Lourens “Öl, söýgim” (Умри моя любовь) dramasy çykandan soň olara goşular. Bu filmde ol Robert Pattinson bilen bilelikde oýnady. 


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.5k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......