Microsoft Windows 11-de “Bloknotyň”, Paint-iň we “Gaýçynyň” funksiýalaryny giňeltdi

  • 19.09.2025 20:03
  • 1.9k+

Microsoft kompaniýasy “Bloknot”, Paint we “Gaýçy” programmalary üçin täze funksiýalary hödürledi. Olar Windows 11 operasion ulgamynyň düzümine girýär. Funksiýalar Copilot+ PC kategoriýaly ulanyjylar üçin elýeterli bolar.

Paint-de .paint formatly faýllaryň goldawy peýda boldy. Indi taslamalary redaktirleme prosesinde ýatda saklap, soňra işe ýene dolanyp gelmek bolýar. Mysal üçin, Photoshop-da .psd formatly faýllar şeýle işleýär. Faýly .paint formatynda ýatda saklamak üçin faýlyň menýusynda “Taslama hökmünde ýatda saklamagy” saýlamaly.
Şeýle-de, indi Paint-de “Galam” we “Çotga” gurallarynyň durulygyny sazlap bolýar.
“Bloknotda” indi kompýuteriň neýron prosessorynyň hasaplaýyş güýjüni ulanmak bilen teksti umumylaşdyrmak, ýazmak we gaýtadan ýazmak üçin funksiýalar elýeterli boldy. Häzirki wagtda bu mümkinçilikler diňe iňlis dilinde işleýär, ýöne geljekde goldanýan dilleriň sanawy giňeldiler.
“Gaýça” “Çalt bellik” guraly goşuldy. Almak üçin gerekli bölek saýlanandan soň ulanyjylar suraty “Ýelegiň”, “Bozgujyň” we “Parkeriň” kömegi bilen redaktirläp biler. Mundan başga-da, faýllary ýatda saklamak ýa-da olary alyş-çalyş buferine goşmak zerurlygy bolmazdan, suratlar bilen paýlaşmak, “Bing-de wizual gözlegi” ulanmak ýa-da “Copilot-dan soramak” mümkin boldy.
Microsoft täzelenmeleriň kem-kemden girizilýändigini we tiz wagtdan gabat gelýän enjamlary ulanyjylar üçin elýeterli boljakdygyny belledi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......