Elektrik energiýasynyň jan başyna sarp edilişi boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 18.09.2025 14:01
  • 11k+

ýurtlaryň ösmegi bilen ilatyň jan başyna elektrik energiýasyny sarp edişi ýokarlanýar, bu görkeziji esasanam, senagat we şäher ýerlerinde artýar. Ember’s Electricity Data Explorer-e esaslanan bu görnüş dünýäniň iň uly ykdysadyýetlerinde energiýa sarp edilişiniň nähili paýlanýandygyny we soňky onýyllykda nähili üýtgändigini görkezýär.

Geçen ýyl Kanada adam başyna 15 708 kilowat sagat elektrik sarp edip, birinji orny eýeledi. Bu ýokary dereje dag-magdan pudagy we alýumin önümçiligi, şeýle hem gyşda ýyladyş zerurlygy ýaly, köp energiýa talap edýän pudaklar bilen bagly.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary adam başyna 12 741 kilowat sagat sarp edilmegi bilen ikinji ýeri eýeledi. Bu görkezijä infrastrukturanyň gol ýaýratmagy, kondisionerleriň işjeň ulanylmagy  we agyr senagat ep-esli derejede täsirini ýetirýär.
Günorta Koreýa adam başyna 12 092 kilowat sagat sarp edilmegi bilen üçünji ýerde durýar.
Şeýle hem ilkinji bäşlige Awstraliýa (10,5 müň kWt⋅s ) we Russiýa (8,2 müň kWt⋅s ) girdi.
Hytaýda elektrik energiýasynyň sarp edilişi 2000-nji ýylda adam başyna 1061 kilowat-sagat bolanlygyndan 2024-nji ýylda 7097 kilowat sagada çenli ýokarlandy. Bu ösüş senagatlaşma, şäherleşme we ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly. Häzirki wagtda Hytaý Angliýadan, Fransiýadan we Germaniýadan öňe geçdi.
Ýewropada bu görkezijiler ortaça boldy: Germaniýa adam başyna 5,984 kilowat sagat, Beýik Britaniýa - 4590 kilowat sagat sarp edýär.


düýn 16:26
3.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 23:10
2.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

09.06.2026 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......