ABŞ-da 139 ýyl dowam eden gözleglerden soň “ruh-gämi” F.J. King tapyldy

  • 20.09.2025 14:27
  • 10k+

ABŞ-da ençeme ýyl dowam eden gözleg işlerinden soň alymlara baryp 1886-njy ýylda suwuň düýbüne giden F.J.King gämisiniň heläkçilige uçran ýerini tapmak başartdy. Ol häzire çenli göze ilmändigi sebäpli “ruh-gämi” diýlip atlandyrylypdy diýip, Associated Press habar berýär.

Gämi Wiskonsin taryhy jemgyýetiniň we Wiskonsin suwasty arheologiýa assosiasiýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen Beýlis-Harboryň golaýyndaky Miçigan kölüniň akwatoriýasynda tapyldy.
Üç bogaldakly kese ýelkenli gämi 1886-njy ýylyň 15-nji sentýabrynda güýçli tupan wagty heläkçilige uçrapdy. Ol Eskanabadan Çikago demir magdanyny äkidip barýardy. Kapitan Uilýam Griffin gäminiň kenardan sekiz kilometr uzaklykda suwa gidendigini aýtdy, ýöne maýak gözegçisi gäminiň bogaldagyny gury ýere has golaýda görendigini nygtady.
Görkezmelerdäki bu çaprazlyklar hem uzak wagtlap gämini tapmakda päsgelçilik döretdi. Ahyrynda maýak gözegçisiniň aýdanlary dogry bolup çykdy – döwrebap gapdal skanirleme enjamy onuň görkezen ýerinden bir kilometr uzaklykda gäminiň galyndylaryny tapdy.
Suwuň düýbünde 139 ýyllap ýatan gäminiň korpusy gowy saklanypdyr. Ylmy gözlegçiler agyr ýük sebäpli gäminiň diňe döwük böleklerini tapmaga garaşypdy. “Käbirlerimiz biri-birimizi dürtmeli bolduk. Biz ähli geçenki gözleglerden soň ony, hakykatdanam, tapandygymyza ynanyp bilmedik” – diýip, baş gözlegçi Brendon Beýllod belledi.


19.06.2026 19:53
2.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......