YouTube-da Shorts döredijileri suratlary “janlandyryp”, gepleşigi aýdyma öwrüp biler

  • 19.09.2025 14:48
  • 1.6k+

Ýakyn aýlarda YouTube-da gysga wideolar (Shorts) bilen işlemek üçin emeli aňyň esasynda täze gurallar peýda bolar. Bu barada kompaniýa Made on YouTube çäresinde habar berdi.

Esasy täzelik Google Veo 3 Fast modeliniň sazlanan wersiýasy bolar. Ol 480 piksel durulykda we sesli wideolary döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, tehnologiýa hereketsiz suratlara wideo goýup, obýektleriň arasynda hereketleri geçirmek arkaly olary “janlandyrmaga” mümkinçilik berer. Mundan başga-da, awtorlar pop-art we origami ýaly çeperçilik stillerini ulanyp, tekst beýanlarynyň esasynda kadra täze elementleri goşup biler.
Ýene bir täzelik – Speech to Song guraly. Ol wideodan gepleşik böleklerini aýdyma öwürmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin Google Lyria 2 modeli ulanylýar.
Şeýle-de, Edit with AI funksiýasy giriziler. Ol kameradan işlenmedik ýazgylary awtomatik redaktirlemek, esasy pursatlary saýlamak, aýdym-saz, geçiş we ses goşmak bilen Shorts garalamasyna öwrer. Häzirlikçe funksiýa diňe iňlis we hindi dillerini goldaýar. Ol eýýäm YouTube Create programmasynda synagdan geçirilýär we geljek hepdelerde köp ulanyjylar üçin elýeterli bolar.
Ilkibaşda täze funksiýalar ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çykar. Soňra beýleki sebitlere-de ýaýrar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......