YouTube 4 ýylda kontent awtorlaryna 100 mlrd dollardan gowrak töledi

  • 19.09.2025 00:50
  • 2.3k+

2021-nji ýyldan bäri YouTube kontent awtorlaryna, artistlere we media kompaniýalaryna 100 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu barada wideohostingiň wekilleri Nýu-Ýorkda geçirilen Made on YouTube çäresinde habar berdi diýip, Deadline belleýär.

2024-nji ýylda platformanyň mahabatdan gazanan girdejisi 15% ýokarlanyp, 36,1 mlrd dollar boldy. Bu mukdardan 45%-i kanal eýeleriniň arasynda paýlanýar. YouTube-yň maglumatlaryna görä, diňe platformany goldaýan telewizorlarda tomaşalaryň hasabyna ýylda 100 müň dollardan gowrak gazanýan kanallaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 45% artdy.
Made on YouTube çäresinde kompaniýa döredijiler üçin täze gurallary hödürledi. Olaryň arasynda gysga wideo hyzmaty Shorts üçin EA funksiýalary bar. Indi awtorlar işlenmedik kadrlary EA-nyň kömegi bilen redaktirlenen wideolara öwrüp, şeýle-de aýdym, geçiş we ses goşup bilýär.
Mundan başga-da, YouTube Shorts-a DeepMind-dan Google Veo 3 Fast wideo döredijisiniň birleşdiriljekdigini yglan etdi. Gural animasiýa goşmaga, stil üýtgetmäge we sahnalara başga elementleri goşmaga mümkinçilik berer.
2025-nji ýylyň aprelinde YouTube 20 ýyllygyny belledi. Bu döwürde platformada aýdym-saz wideolaryndan we podkastlardan başlap, gysga wideolara çenli 20 milliarddan gowrak kontent ýerleşdirildi. 


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
3.9k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......