3.8k+

Dubaýdan startap gijeki görüşli aragatnaşyk linzalaryny işläp taýýarlamak  üçin 250 million dollar ýygnady

Dubaýda ýerleşýän Xpanceo kompaniýasy A tapgyrda (düýbüni tutuş tapgyryndan soň gelýär) 1,35 milliard dollarlyk diýlip bahalandyrylan işe 250 million dollar toplady.  Bu tapgyra başlangyjy 40 million dollar düýbüni tutuş serişdesi bilen üpjün eden Gonkongyň Opportunity Venture wençura gaznasy ýolbaşçylyk etdi diýip, Bloomberg habar berýär...

2.4k+

Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi...

1.7k+

Samsung iki ýylyň dowamynda ilkinji gezek girdejisiniň 56%peselmegine garaşýar

Samsung Electronics 2025-nji ýylyň ikinji çärýegi boýunça operasion girdejisiniň ep-esli azalmagyna garaşýar. Günorta Koreýanyň tehnoägirdiniň deslapky bahalandyrmasyna görä, bu döwürde operasion girdejisi 4,6 trln wona ($3,37 mlrd) deň bolar, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56% azdyr...

1.1k+

Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener...

3.6k+

X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi. “Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim...

2.1k+

Nvidia bazar bahasy 4 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

9-njy iýulda Nvidia bazar bahasy 4 trln dollardan geçen taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy. Nasdaq söwdasynda amerikan mikroçip öndürijisiniň paýnamalary bir paý üçin 164,2 dollara ýetdi, bu hem kompaniýa öň ýetilmedik görkezijä ýetmäge mümkinçilik berdi...

4.1k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär. Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar»...

2.2k+

Sukerberg Meta-da “super aňy” işläp düzmek üçin täze bölümçe döretdi

Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg indiki nesliň emeli aňyny ösdürmek bilen meşgullanjak täze bölümçäniň – Meta Superintelligence Labs-yň (MSL) döredilendigini habar berdi. Bu bölümçä Scale AI-iň öňki ýolbaşçysy Aleksandr Wan we GitHub-yň öňki ýolbaşçysy Net Fridman ýolbaşçylyk eder...

14k+

Türkmenistanda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti döredildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow "Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetini döretmek hakynda" Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama 27-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu resminama ýokary bilimli işgärleri taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakda telekeçilik we işewürlik ulgamyna goldaw bermek maksady bilen kabul edildi...

2.9k+

Microsoft we Amazon kompaniýalarynyň işgärleri EA sebäpli köpçülikleýin işden çykarylar

Microsoft kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna çykdajylaryň artmagy sebäpli müňlerçe iş ornuny azaltmagy meýilleşdirýär. EA-nyň ýaýramagy sebäpli işgärleri azaltmak barada Amazon kompaniýasy hem habar berdi. Bloomberg-iň çeşmelere salgylanyp ýazmagyna görä, Microsoft-da işden çykarmalaryň uly bölegi satuw bölümleriniň işgärlerine täsir eder...

1.7k+

Maskyň xAI startapy girdeji almak maksady bilen her aý $1 mlrd sarp edýär

Ilon Maskyň xAI startapy her aý 1 mlrd dollar sarp edýär, çünki ösen EA modellerini döretmek üçin çykdajylar kompaniýanyň girdejisinden ýokary bolýar. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Bloomberg habar berýär. Çykdajylary ýapmak üçin xAI karz we paýdarlar kapitaly görnüşinde 9,3 mlrd dollar çekmäge synanyşýar...

1.9k+

Intel iýul aýynda çip öndürýän işgärleriniň 20 göterimini azaldar

Intel iýul aýynda Intel Foundry önümçilik bölüminde işleýän işgärleriniň 15% - 20%-ni işden çykarmagy meýilleşdirýär, käbir çaklamalara görä, bu 10 müňden gowrak adam bolup biler. Bu baradaky maglumat önümçiligiň wise-prezidenti  Nagi Çandrasekaranyň adyndan täze içerki korporatiw ýaýradylan hatda berilýär diýip, OregonLive habar berýär...

3.8k+

Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl. Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir...

2.8k+

Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi

TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi...

8.6k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

1.5k+

Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär

Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar...

9.7k+

Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi

“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny telekeçi Diana Hendriks – ABC Supply gurluşyk kompaniýasynyň eýesi eýeledi. Onuň baýlygy 22,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar...

5.2k+

Volkswagen-iň ulagdan hem has geçginli önümi bar - ol şöhlat

Volkswagen-iň iň geçginli önümi awtoulag däl-de, karriwurst, ýagny 1973-nji ýylda zawodyň işgärleri üçin iýmit hökmünde peýda bolan etden edilen şöhlatdyr. Häzirki wagtda bu ýörgünli önümdir: 2024-nji ýylda kompaniýa şeýle şöhladyň 8,6 millionyny, awtoulagyň bolsa 5,2 millionyny satdy...

3.3k+

Xiaomi ýylyň birinji çärýeginde dakylýan enjamlar bazarynda Apple-y geçdi

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy dakylýan enjamlaryň dünýä boýunça ibermeleriniň sany boýunça birinji orna çykyp, Apple-y yzda galdyrdy. Canalys analitikleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa 8,7 million enjam iberipdir, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 44% köp...

6.9k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...