«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi

  • 05.07.2025 18:44
  • 4.7k+

«Time» žurnaly 2025-nji ýylyň iň täsirli 100 kompaniýasynyň sanawyny çap etdi. Bu sanawa iri tehnologiýa korporasiýalary bilen bir hatarda meşhurlyk gazanan uly bolmadyk startaplar hem girýär.

Sanawdaky kompaniýalar dürli kategoriýalara bölünýär: «Täzelikçiler», «Destruktorlar», «Liderler», «Titanlar» we «Öňbaşçylar». Sanawa girenleriň arasynda Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy, dil öwrediji «Duolingo» goşundysy, emeli aň ägirdi «Alibaba», dil modellerini işläp düzüji «DeepSeek», «LinkedIn» web sahypasy, sanly şekilleri goramak hyzmaty «Vermillio», orta ýaşlylar üçin «Midi Health» wirtual klinikasy («Google Ventures» tarapyndan maýa goýlan) we beýlekiler bar.
«Täzelikçiler» kategoriýasynda Fransiýanyň «EssilorLuxottica» atly holdingi aýratyn bellenip geçilýär. Bu kompaniýa «Oakley» we «Ray-Ban» brendleriniň eýesi bolup, «Meta» bilen bilelikde akylly äýnekleri öndürýär, şeýle-de «Nuance Audio» taslamasyna (eşidiş enjamlarynyň alternatiwasy) maýa goýýar.


Iň täsirli «destruktorlaryň» biri hökmünde, «Labubu» oýunjaklarynyň hytaýly öndürijisi «Pop Mart» görkezildi. Kompaniýa tematik seýilgähleri ýatladýan dükanlary açmagy bilen hem tanalýar.

«Duolingo» goşundysy «liderler» kategoriýasyna girizildi. Bu goşundynyň eýeleri güýçli marketing kampaniýalary bilen tapawutlanýarlar, olar hatda «Squid Game» («Kalmar oýny») serialy we «Barbie» («Barbi») filmi bilen hyzmatdaşlyk etdiler. 2025-nji ýylyň başynda, goşundy öz tumary bolan baýguş Duonyň ölendigini mälim edipdi. Döredijiler ulanyjylaryň ünsüni çekmek we dil sapaklaryny her gün ýatlatmak üçin, dürli çemeleşmelerden peýdalanýarlar.

«Huawei» kompaniýasy «titanlaryň» hatarynda öňe saýlandy. Kompaniýa «Harmony OS» operasion ulgamyny işläp düzdi, üç eplenýän «Mate XT» smartfonyny çykardy we Gazagystanda synag görnüşli 10G toruny işe girizdi. Kompaniýanyň alyp barýan işleri diňe bu taslamalar bilen çäklenmeýär.


«Öňbaşçylaryň» hatarynda bolsa, 2 ýaşdan 8 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen Kanadadan «Pok Pok» atly bilim beriji goşundy aýratyn üns çekýär. Işläp düzüjiler çagalara dürli-dürli sanly «oýun otaglaryny» hödürleýärler. Oýunlarda dereje, ýeňiş, baýrak ýa-da mahabat ýok – diňe döredijilige itergi berýän adaty bolmadyk interaktiw ssenariler bar, meselem, kosmosa uçmak ýa-da surat çekmek ýaly.
Sanawa şeýle hem «Touchland» sanitaýzer goşundysy, çäreleri guramak üçin «Partiful», lukmançylyk ulgamyna degişli «Northwell Studios» kinostudiýasy we her aýda 1 mlrd dollardan gowrak dolanyşygy bolan «Ethereum» esasly çaklama platformasy bolan «Polymarket» hem girizilen.

düýn 10:17
4.6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......