Apple kompaniýasyna täze operasion direktor bellendi

  • 11.07.2025 01:39
  • 3.4k+

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda üýtgeşmeler boldy: operasion direktor (COO) wezipesine kompaniýada 30 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýän Sabih Han bellenildi. Ol kompaniýadan gidýän Jeff Uilýamsyň ýerine geldi.

Uilýams uzak wagtlap Tim Kuguň mümkin bolan oruntutary hökmünde kabul edilipdi. Ýagny, eger-de Kuk birdenkä wezipesinden çekilen ýagdaýynda, kompaniýanyň ýolbaşçylygynda üznüksiz geçişi üpjün edip biljek adam Uilýamsdy. Indi bolsa, şol wezipe Hanyň üstüne ýüklenýär, ol hem ozalky ýolbaşçysy ýaly gönüden-göni Kuga hasabat berer.
Şeýle-de bolsa, bilermenleriň pikirine görä, Hanyň bu wezipä bellenmegi onuň geljekde baş direktor bolup biljekdigini aňlatmaýar. Sebäbi, ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ýaşy bu wezipä geljekde geçmeklerine päsgelçilik döredip biler: Uilýams 61, Han bolsa 59 ýaşynda. Tim Kuk bolsa, awgustda 63 ýaşyny doldurýar. Eger-de ol ýene birnäçe ýyl wezipesinde galsa, onda onuň kompaniýadan gitjek wagty Han adaty pensiýa ýaşyna golaý bolar. Şeýle-de bolsa, belläp geçsek, Apple kompaniýasynda resmi taýdan ýolbaşçylar üçin ýaş çäklendirmesi ýok.
Şunuň bilen baglylykda, «9to5mac» portalynyň hem belleýşi ýaly, kompaniýanyň ýolbaşçylygyna has mümkin dalaşgär hökmünde Jon Ternus galýar – ol enjamlaryň inženerçiligi boýunça 50 ýaşly uly wise-prezidentdir. Ol dolandyryş babatda barha köp tejribe toplaýar, bu bolsa ony häzirki oruntutarlyk strategiýasynyň çäginde güýçli dalaşgäre öwürýär.


19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

03.05.2026 16:10
3k+

Apple-iň girdejisi rekord derejä ýetdi: iPhone 17-ä bolan isleg garaşylandan hem ýokary boldy

Apple kompaniýasy mart aýynda tamamlanan çärýek üçin rekord maliýe netijelerini yglan etdi. Bu üstünligiň esasy sebäbi täze iPhone 17 modellerine bolan çenden aşa ýokary isleg boldy....