Tesla Maskyň Tramp bilen düşünişmezligi sebäpli bir günde $150 mlrd ýitirdi. Maskyň özi $34 mlrd ýitirdi

  • 07.06.2025 23:11
  • 19k+

Tesla-nyň bazar bahasy bir günde 150 mlrd dollar arzanlady. Elektrokar öndürijisiniň paýnama bahalarynyň pese gaçmagy sebäpli, kompaniýanyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň öz baýlygy bir günde birbada 33,9 mlrd dollar azaldy diýip, Reuters habar berýär.

Belläp geçsek, milliarderiň baýlygynyň uly bölegini Tesla-nyň paýnamalary üpjün edýär.
Kompaniýanyň gymmatly kagyzlary Maskyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen düşünişmezliginden soň arzanlady. Ozal Mask Trampy saýlaw kampaniýasynda goldapdy, Tramp bolsa telekeçini “birinji dosty” diýip atlandyrdy. Ýöne şu hepde milliarder Ak tamyň ýolbaşçysynyň salgytlar we býujet baradaky täze kanun taslamasyny ýiti tankytlap çykyş etdi. Muňa jogap hökmünde Tramp Truth Social platformasynda Maskyň kompaniýalaryny döwlet kömeginden we şertnamalardan mahrum etmek bilen haýbat atdy.
Mask hem sosial ulgamlarda tankydy postlar bilen jogap berdi. Şondan soň penşenbe güni Tesla-nyň paýnamalary üç sagatda 14% arzanlady, bazar bahasy bolsa 150 mlrd dollar pese gaçdy. Käbir maýadarlar kompaniýanyň kagyzlaryny işjeň satyp başlady.
Anna güni paýnamalar bölekleýin dikelip, 5% ýokarlandy. Bu Mask bilen Trampyň arasynda bolup biljek telefon gepleşikleri baradaky habaryň esasynda bolup geçdi.
Bilermenleriň pikiriçe, Tramp bilen dawa Tesla-nyň we Maskyň beýleki taslamalarynyň ýagdaýyny kynlaşdyryp, düzgünleşdiriji edaralaryň üsti bilen onuň işine täsir edip biler. Hususan-da, ABŞ-nyň Ulag ministrligi rulsuz hem pedalsyz döredilen Tesla robotaksileriniň ykbalyny kynlaşdyryp biler.
Mundan başga-da, döwlet Maskyň kompaniýalary bilen şertnamalary bes edip biler. Bu ýagdaýdan, esasan, NASA-dan, Pentagondan we aňtaw gullugyndan uly şertnamalary alýan SpaceX zyýan çeker.
ABŞ-da, Ýewropada we Hytaýda Tesla brendiniň meşhurlygy häzirem pese gaçmagyny dowam etdirýär. Hytaýda Tesla-ny özüne çekiji marka hasaplaýan sarp edijileriň paýy birnäçe ýylda iki esseden gowrak azaldy. Aprel aýynda Ýewropanyň käbir bazarlarynda satuw antirekord derejä ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, I çärýekde Ýewropada elektromobil satuwy 28% ýokarlandy, Tesla-nyň satuwy bolsa 37,2% pese gaçdy.


10.05.2026 12:04
1.2k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.4k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......