Ilon Mask Tesla-nyň baş direktorlygyndan aýrylmagy meýilleşdirmeýär

  • 25.05.2025 19:08
  • 6.2k+

«Tesla» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask özüniň baş direktorlyk wezipesinden çekilmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Ol täze baş direktoryň diňe onuň aradan çykmagy bilen gelip biljekdigini aýtdy diýip, «Carscoops» habar berýär.

Katarda geçirilen ykdysady forumda milliarder Mask özüniň azyndan ýene bäş ýyl «Tesla» ýolbaşçylyk etmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Häzirki wagtda onuň kompaniýadaky paýy 12,77% bolup, onuň bahasy, takmynan, 140 milliard dollara barabar diýlip çaklanylýar. Mask paýyny 25%-e çenli artdyrmagy meýilleşdirýär. Onuň pikirine görä, bu ýagdaý maýadarlaryň ony wezipesinden aýyrmak synanyşyklaryna garşy gorar. Ol paýy az bolanda, onuň ýolbaşçylykdaky ornunyň durnukly däldigini belläp geçdi.
Şol bir wagtyň özünde, käbir paýdarlar Maskyň kararlaryna we özüni alyp barşyna nägilelik bildirýärler. Sebäbi olaryň pikiriçe, bu ýagdaý kompaniýa ýaramaz täsir edýär. Mundan ozal metbugatda «Tesla-nyň» direktorlar geňeşiniň Maskyň ornuna geçjek täze ýolbaşçyny gözläp başlandygy barada maglumatlar peýda bolupdy. Emma soň bu maglumatlar ret edilipdi.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......