Meta Apple-yň emeli aň boýunça esasy hünärmenini özüne çekdi

  • 10.07.2025 23:31
  • 2.1k+

Apple-yň emeli aň boýunça öňdebaryjy hünärmenlerinden biri bolan Ruoming Pang kompaniýany terk edip, Meta geçýär. Bloomberg agentliginiň habaryna görä, ol täze döredilen Superintelligence Labs laboratoriýasynda esasy wezipä bellener. Şertnama laýyklykda, onuň ýyllyk haky birnäçe million dollardan ybarat bolar.

Superintelligence Labs – Meta kompaniýasynyň emeli aň ugry boýunça geljekki taslamalary bilen meşgullanýan bölümidir. Bu bölüme Scale AI startapynyň öňki baş direktory bolan Aleksandr Wan ýolbaşçylyk eder. Geçen aý Meta Scale AI startapyna maýa goýup, ony 29 milliard dollarlyk kompaniýa hökmünde bahalandyrdy. Şondan soň, 28 ýaşly Wan sosial toruň toparyna goşuldy.
Meta we Apple kompaniýalarynyň wekilleri bu ýagdaý barada entek resmi düşündiriş bermediler.

Bloomberg agentliginiň maglumatlaryna görä, Pangyň gidişi – Apple-yň «Apple Intelligence» başlangyjyny işe girizeninden bäri, emeli aň boýunça başdan geçirýän iň uly işgär ýitgisidir. Bu ýagdaý tehnologiýa korporasiýalarynyň ýokary derejeli emeli aň hünärmenlerini özüne çekmek ugrundaky bäsleşiginiň has-da güýçlenýändigini görkezýär.

Kompaniýalar öňdebaryjy inženerleri özüne çekmek we emeli aň bazaryndaky ornuny berkitmek üçin, millionlarça dollarlyk ýyllyk hak teklip edýärler.

«Meta dünýäniň iň öňdebaryjy inženerlerine ýyllyk birnäçe million dollar teklip edýär – bu bolsa iPhone öndürijisiniň şol bir işi ýerine ýetirýän inženerlerine berýän hakyndan ep-esli ýokarydyr» — diýip, «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman belleýär.

Mundan ozal hem, Meta-nyň hünärmenlerini özüne çekmäge çalyşýandygy barada OpenAI-yň baş direktory Sem Altman gürrüň beripdi. Onuň sözlerine görä, Mark Sukerbergiň kompaniýasy onuň işgärlerine Meta geçmekleri üçin hatda 100 million dollara çenli bonus hem hödürläpdir.


25.06.2026 20:11
3.3k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

12.06.2026 23:59
2.1k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

31.05.2026 18:06
2.3k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......