Diňe Samsung I çärýekde smartfon önümçiligini ösdürip bildi

  • 19.06.2025 11:17
  • 3.2k+

TrendForce analitikleri 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Samsung kompaniýasynyň 64 mln smartfon çykarandygyny habar berdi – bu 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21% köpdür. Bu hem kompaniýa smartfon öndürijileriniň arasynda öňdebaryjy orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Iň uly bäş brendden diňe Samsung ösüş görkezdi. Galanlarynda önümçilik göwrüminiň peselendigi hasaba alyndy. Apple 48 mln smartfon öndürdi – bu bir ýyl ozalkydan 40% az. Xiaomi önümçiligi 7%, 42 mln birlige çenli azaltdy. Oppo we Vivo kompaniýalarynda pese gaçyş, degişlilikde, 26% we 16% boldy. 
Analitikler Samsung-yň önümçiliginiň ýokarlanmagynyň iki sebäbini belleýär. Birinjiden, kompaniýa islegleri kanagatlandyryp bilmek üçin satuwyň başynda Galaxy S25 flagmanlarynyň ýeterlik mukdaryny üpjün etmäge çalyşdy. Ikinjiden, 2025-nji ýylyň başynda täze eplenýän modelleriň – Galaxy Z Fold7, Galaxy Z Flip7 we Galaxy Z Flip7 FE smartfonlarynyň önümçiligi başlandy. Bu hem umumy ösüşe ýardam etdi.
Mundan başga-da, Samsung Donald Trampyň täze gümrük paçlary güýje girýänçä ABŞ-a mümkin boldugyndan köp smartfon getirmek üçin önümçiligi we üpjünçiligi çaltlaşdyrdy.


27.06.2026 20:25
3.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.6k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......