Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär

  • 10.06.2025 15:23
  • 1.6k+

Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar.

Täze kompaniýalaryň ilkinjisi akym platformalaryny we kinostudiýalary öz içine alar. Onuň düzümine Warner Bros. Television, Warner Bros. Motion Picture Group, DC Studios, şeýle-de HBO we HBO Max girer.
Ikinji kompaniýa telewizion brendleri dolandyrar. Oňa CNN, TNT Sports (ABŞ), Discovery, Ýewropadaky ýaýlym kanallary, şeýle-de Discovery+ we Bleacher Report (B/R) girizildi.
Mundan başga-da, Warner Bros. 17,5 mlrd dollar möçberde karz puluny alandygyny mälim etdi. Bu serişdeler bölünme tamamlanýança gaýtadan kapitallaşdyrylar diýlip garaşylýar.
Warner Bros. Discovery 2022-nji ýylda AT&T-den Warner Media bölünip aýrylandan we Discovery Inc. bilen birleşenden soň döredildi. 2023-nji ýylyň ahyrynda kompaniýa Paramount Global bilen birleşmek barada gepleşik geçirdi, ýöne 2024-nji ýylyň fewral aýynda şertnamadan ýüz öwürdi.


22.02.2026 17:37
2.8k+

Režissýor Jeýms Kemeron Netflix-iň Warner Bros. bilen «nikalaşmagyna» garşy çykdy

«Titanik» we «Awatar» filmleriniň režissýory Jeýms Kemeron Netflix platformasynyň Warner Bros. studiýasyny satyn almak ähtimallygyndan ynjalyksyzlanýandygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, bu şertnama iş ýerleriniň azalmagyna we kinoteatrlaryň uly zyýan çekmegine sebäp bolup biler...

21.01.2026 10:11
1k+

Netflix platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak teklibini üýtgetdi

Netflix striming platformasy Warner Bros. Discovery-ny satyn almak baradaky şertnamanyň şertlerini üýtgetdi. Indi platforma kompaniýanyň aktiwlerini nagt görnüşinde satyn almak, şol bir wagtyň özünde-de şertnamanyň umumy bahasyny 82,7 mlrd dollar derejesinde saklamak isleýär...

13.01.2026 23:25
3.4k+

Golliwud ugrunda göreş: Paramount kazyýetiň üsti bilen Warner Bros. bilen Netflix-iň şertnamasyny bozmaga çalyşýar

Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-nyň Netflix striming hyzmaty bilen birleşmeginiň öňüni almak üçin konglomeratyň müdirler geňeşine öz dalaşgärlerini hödürlemek meýilnamalary barada yglan etdi...

19.12.2025 09:21
2.1k+

Warner Bros. Netflix bilen şertnama üçin Paramount-yň 108 mlrd dollarlyk teklibinden ýüz öwürýär

Warner Bros. Discovery-nyň müdirler geňeşi Paramount Skydance kompaniýasynyň 108,4 mlrd dollara holdingi satyn almak teklibini ret etdi diýip, Reuters agentligi habar berýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylygy paýdarlary gymmatly kagyzlary her paý üçin 30 dollar bahadan satmazlyga we Netflix bilen şertnama taýýarlanmagy dowam etdirmäge çagyrdy...