Foxconn Hindistanda iPhone önümçiligini giňeltmäge $1,5 mlrd maýa goýar

  • 21.05.2025 11:17
  • 3.2k+

Foxconn Hindistanda öz önümçilik kuwwatyny giňeltmek üçin 1,5 mlrd dollar maýa goýar. Bu Hytaýa garaşlylygy azaltmak we paçlar hem geosyýasy ýagdaýlar bilen bagly töwekgelçilikleri azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar diýip, Reuters ýazýar.

Bu serişdeleri Foxconn-yň Tamilnad ştatynda ýerleşýän Yuzhan Technology India golçur kärhanasy alar. Maýa goýumlar kompaniýanyň Singapurdaky bölümçesinden geler, ol hindi golçur kärhanasynyň 12,77 mlrd paýnamasyny satyn alar.  
Kompaniýa önümçilik göwrümini artdyryp, ýakyn aýlarda iPhone üpjünçiligine başlamagy meýilleşdirýär. 2025-nji ýylyň mart aýynda Hindistandan ABŞ-a 2 mlrd dollarlyk 600 tonna töweregi iPhone eksport edildi. Reuters-iň maglumatlaryna görä, 2024-2025-nji maliýe ýylynda Hindistandan iPhone eksporty 17,5 mlrd dollar boldy – bu bir ýyl ozalkydan iki esse köpdür.
Foxconn-dan başga-da, Hindistanda iPhone önümçiligine Tata Electronics we Pegatron gatnaşýar. Tata ýakynda Apple-iň başga bir hyzmatdaşynyň bir bölegini – Wistron kompaniýasyny satyn aldy we indi beýleki kompaniýalar bilen bir hatarda Apple smartfonlaryny çykaryp biler.
Apple hytaý harytlaryna ýokary paçlardan gaçmak maksady bilen amerikan bazary üçin önümçiligiň esasy bölegini 2026-njy ýyla çenli Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle-de, Foxconn Hindistandaky işgärlerini iki esse artdyrmak isleýär, olaryň sany häzir 40 müň adamdan geçýär. Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa hytaýly inženerleri çekmek bilen ýerli hünärmenleri taýýarlaýar.


02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

19.05.2026 09:37
4.5k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....