Xiaomi ýylyň birinji çärýeginde dakylýan enjamlar bazarynda Apple-y geçdi

  • 27.05.2025 13:17
  • 3.5k+

2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Xiaomi kompaniýasy dakylýan enjamlaryň dünýä boýunça ibermeleriniň sany boýunça birinji orna çykyp, Apple-y yzda galdyrdy. Canalys analitikleriniň maglumatlaryna görä, kompaniýa 8,7 million enjam iberipdir, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 44% köp. Şeýlelikde, Xiaomi bazaryň 19%-ini eýeledi.

Bu üstünlikde esasy rol 2014-nji ýylda çykarylan we şondan bäri meşhurlygyny ýitirmedik arzan «Mi Band» fitnes-bileziklerine degişli boldy.

  • Apple 7,6 million «Apple Watch» satyp, 16% bazar paýy bilen ikinji orunda ýerleşdi. Onuň ibermeleriniň ösüşi bary-ýogy 5% boldy.
  • Üçünji orunda Huawei – 7,1 million enjam we 15% paý.
  • Samsung iň ýokary ösüş görkezen kompaniýa boldy – 74% ösüş bilen 4,9 million enjam iberip, 11% bazar paýyna ýetdi.
  • Garmin bolsa 1,8 million enjam (4%) bilen bäşligi jemledi.

Geçen çärýekde jemi 46,6 million dakylýan enjam iberildi, bu bolsa geçen ýylky bilen deňeşdirilende 13% köp. Iň meşhur enjamlar ýönekeý fitnes-bilezikler we esasy sagatlar boldy.
Soragnamalara görä, alyjylar üçin iň möhüm zat – enjamyň bahasy bolup durýar, ondan soň batareýasynyň ömri we saglyk bilen baglanyşykly funksiýalar gelýär.


09.06.2026 22:05
2k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....