Çeýe bolup bilmek: Apple eplenýän iPhone üçin displeýleri Samsung-dan alar

  • 23.06.2025 13:46
  • 4.5k+

Apple 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ilkinji eplenýän iPhone smartfonyny çykarmagy meýilleşdirýär. Smartfonlar üçin çeýe displeýler bilen üpjün ediji Samsung Display bolar diýip, analitik Ming-Çi Ko salgylanyp, CNBC habar berýär.

Apple günorta koreýaly bäsdeşinden 8 mln ekran satyn almak isleýär – bu diňe 2026-njy ýyl üçin önümçilik programmasynda göz öňünde tutulýan mukdardyr. Apple-den jemi sargyt 15-20 mln displeýe ýetip biler – olaryň önümçiligi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlar.
Eýýäm şu güýz iPhone önümçiligi bilen meşgullanýan Foxconn smartfony taslama goşulyp biler.
Häzirki wagtda täze smartfon üçin ähli gerekli bölekler köpçülikleýin önümçilige taýýar däl. Hususan-da, korpusyň eplenmegine jogap berýän şarnir mehanizmi doly tamamlanmadyk.
Köpçülikleýin önümçiligiň 2026-njy ýylyň iýul-awgust aýlarynda başlamagyna, tanyşdyrylyşyň we satuwyň bolsa 2026-njy ýylyň güýzünde bolmagyna garaşylýar. Smartfonyň çen-takmyn bahasy 2000-2500 dollar bolar.
Bellemeli ýeri, eplenýän iPhone barada resmi maglumatlar häzirlikçe ýok. Bu diňe insaýderleriň maglumatlarydyr.
Analitikleriň hasaplamalaryna görä, geçen ýyl eplenýän smartfonlar dünýä bazarynyň 1,5%-den hem az bölegini eýeledi. 2024-nji ýylda olaryň satuwy bary-ýogy 3% ýokarlandy, ýöne 2025-nji ýylda ol azalyp biler.


düýn 20:25
2.6k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

19.06.2026 14:20
3.1k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......