Xerox çap enjamlary bazarynda çökgünlikden halas bolmak üçin Lexmark kompaniýasyny $1,5 mlrd dollara satyn aldy

  • 06.07.2025 14:56
  • 2.2k+

Xerox kompaniýasy Lexmark kompaniýasyny 1,5 milliard dollara satyn alyp, ofis çap tehnologiýalary boýunça tanalýan iki brendi bir kompaniýanyň düzüminde birleşdirdi. Bu birleşme ulanyjylaryň sanly çözgütlere geçýändigi sebäpli, çap işlerine bolan islegiň peselen döwründe bolup geçdi.

Iki kompaniýa hem bazarda henizem meşhur bolmagynda galýar, ýöne mobil enjamlar bilen sanly resminamalaryň giňden ulanylmagy öý we ofis çap bazaryna agyr täsir etdi. TechSpot neşiriniň habaryna görä, häzirki wagtda esasy isleg diňe korporatiw gurşawda – banklarda, döwlet edaralarynda we saglyk merkezlerinde saklanyp galýar.
Birleşmeden soň Xerox kompaniýasy 170 ýurtda 200 müňden gowrak müşderä hyzmat eder we 16 ýurtda ýerleşýän 125 sany önümçilik hem-de logistika desgasyny dolandyrar. Xerox-yň baş direktory Stiw Bendrousak wezipesinde galar, Lexmark-yň prezidenti Allen Wourman bolsa kompaniýadan gider.
Söwda kompaniýanyň öz serişdeleriniň we karzyň hasabyna maliýeleşdirildi. Xerox bu birleşmäniň täsiriniň indiki ýyldan başlap oňyn netije görkezip başlajakdygyna we iki ýylyň dowamynda amallaryň kämilleşdirilmegi arkaly ýyllyk 240 mln dollaryň tygşytlanjakdygyna umyt bildirýär.
Lexmark 1991-nji ýylda esaslandyryldy, 1995-nji ýylda biržada ýerleşdi we 2000-nji ýyllaryň başynda meşhurlygynyň iň ýokary derejesine ýetdi. 2012-nji ýylda syýaly çap edijiler (inkjet printer) segmentinden çykanyndan we 2016-njy ýylda hususy kompaniýa öwrülenden soň, bazardaky ornuny ýitirip başlady.
Xerox bolsa 1959-njy ýyldan bäri iş alyp barýar we nusgalaýjy tehnologiýalaryň ösüşine uly goşant goşdy. Birleşen gurluş häzirki wagtda bazaryň täze şertlerine uýgunlaşmagyň ýollaryny gözleýär.

düýn 10:17
4.6k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.2k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......

02.06.2026 12:08
2k+

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 300% ýokarlandy

LG Electronics kompaniýasynyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri takmynan 300 göterim gymmatlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, nyrhlaryň bu derejede çalt ýokarlanmagy maýadarlaryň kompaniýanyň robototehnika......

02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......