Labubu oýnawaçlarynyň üstünligi Pop Mart-yň eýesini iň baý hytaýlylaryň birine öwürdi

  • 16.06.2025 14:17
  • 5.2k+

Labubu oýnawaçlarynyň meşhurlygy Pop Mart kompaniýasynyň eýesi Wan Nini Hytaýyň iň baý on adamynyň birine öwürdi. Forbes-iň maglumatlaryna görä, häzir onuň baýlygy 22,7 mlrd dollara barabar.

Oýnawaçlara bolan isleg kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasynyň 34 dollardan 270 dollara çenli ýokarlanmagyna getirdi.
Wan Nin Hytaýyň iş ýaş milliarderi boldy – ol 38 ýaşynda. Häzir Pop Mart kompaniýasynyň bütin dünýäde 500-den gowrak dükany we daşary ýurtlarda 100 wekilhanasy bar.
Labubu gonkongly dizaýner Kasin Lýun tarapyndan döredildi. Ol 2015-nji ýylda gahrymanlary bu jandarlar bolan “The Monsters” hekaýalaryny çap edip başlady. Oýunjak 2019-njy ýylda Pop Mart bilen hyzmatdaşlykdan soň has meşhur boldy. Kompaniýa gahrymanlaryň şekilinde heýkelleri çykaryp başlady.
Oýnawaç 2024-nji ýylyň aprel aýynda Blackpink K-pop toparynyň agzasy Lisanyň torbasynda Labubu brelogy görlenden soň, ählumumy ünsi çekdi. Bu hem tendensiýa döredip, oňa bolan islegi ýokarlandyrdy. 
Ozal plastikden gök reňkli 131 metrlik Labubu gurjagy Hytaýda geçirilen “Ýunle” auksionynda 1,08 mln ýuana (takmynan, $150 müň) satylypdy.


27.05.2026 15:34
2.6k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....

25.05.2026 15:22
3.7k+

Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi

Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär....

20.05.2026 11:34
4.6k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

14.05.2026 12:04
2.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....