Samsung smartfonlary öz güýji bilen çykarýan ýeke-täk öndüriji bolup galdy

  • 02.06.2025 14:02
  • 5.7k+

Sony kompaniýasy özbaşdak smartfon önümçiliginden gutarnykly ýüz öwrüp, bu işi beýleki kompaniýalara tabşyrdy. Ozal ol arzan we orta modelleri autsorsinge beripdi, indi bolsa gymmat flagmanlar, mysal üçin, Sony Xperia I VII hem Sony-nyň zawodlarynda ýygnalmaz. Ýöne, çeşmeleriň maglumatlaryna görä, bu çözgütden smartfonlaryň hili zyýan çekmedi.

Şeýlelikde, tutuş önümçilik tapgyryna doly gözegçilik edýän dünýäde ýeke-täk smartfon brendi Günorta Koreýanyň Samsung-y bolup galdy. Kompaniýa gurluşlaryň diňe bir ideýasyny, dizaýnyny we beýlekileri işläp taýýarlaman, eýsem olary öz güýji bilen çykarýar.
Apple we Google ýaly beýleki uly brendler diňe işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar. Önümçiligi welin hyzmatdaşlara ynanýar, bu hem çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär. Autsorsing, zawodlary saklamaga ýa-da logistika meselelerini çözmäge zerurlygyň ýokdugy üçin, goşmaça çykdajylary azaldýar. Mundan başga-da, bu çemeleşme isleg ýokarlanan ýagdaýynda önümçilik möçberini tiz artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Resmi däl maglumatlara görä, Sony önümçilik prosesinden doly çykmak kararyna geldi. Onuň gurluşlarynyň ýokary bahalary satuw gerimini çäklendirýär. Autsorsing kompaniýa bazar ýagdaýyna uýgunlaşyp, çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berer.
Samsung, bäsdeşlerinden tapawutlylykda, öz önümçilik kuwwatyna maýa goýmagy dowam etdirýär. Şeýle çemeleşmeden ýüz öwürmek kompniýa üçin häzirlikçe maksadalaýyk däl: tutuş önümçilik tapgyryny gözegçilikde saklamagy oňa Android smartfonlary öndürijileriň arasynda strategiki artykmaçlygy berýär. 


düýn 20:30
1.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....

19.05.2026 20:20
3k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

16.05.2026 09:56
4.9k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

09.05.2026 16:36
3.9k+

Samsung Hytaýda hojalyk tehnikalarynyň satuwyny doly bes edýär

Samsung kompaniýasy Hytaýyň materik böleginde ähli hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda telewizorlaryň we monitorlaryň satuwyny bes edýändigini resmi taýdan yglan etdi....