MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

  • 25.05.2025 19:06
  • 7.2k+

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy.

Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar.
Donaldson karýerasyna YouTube-dan başlady. Ol 2017-nji ýylda 44 sagadyň dowamynda 100 000-e çenli sanap görkezýän wideosy bilen meşhur boldy. Bu wideo 31 milliondan gowrak tomaşa ýygnady.
Soňra ol YouTube-dan daşary hem taslamalaryny ösdürip başlady. Olaryň arasynda Feastables şokolad brendi, Beast Games şüweleňi we hususy haryt hatary bar. Şeýle-de, bloger striming boýunça Amazon bilen hyzmatdaşlyga başlamagy meýilleşdirýär diýip, Benzinga neşiri ýazýar.
Forbes-iň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda onuň girdejisi 85 mln dollar boldy. Ýöne MrBeast Burgers taslamasy boýunça kazyýet resminamalary onuň 2023-nji ýylda 223 mln dollar, 2024-nji ýylda 700 mln dollar gazanandygyny görkezdi.
Donaldsonyň asly Demirgazyk Karolinadan. Ol heniz ýetginjek wagty oýun wideolaryny düşürip başlady. Bloger haýyr-sahawat bilen hem işjeň meşgullanýar. 


03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.10.2025 00:36
1.4k+

YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar. Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy...

19.06.2025 09:53
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

28.04.2025 16:06
1.7k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...