Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

  • 28.04.2025 16:06
  • 1.7k+

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär.

Google-yň baş direktory Sundar Piçai güýçli netijeleriň emeli aň ugrundaky ösüşiň we kompaniýanyň umumy ösüşiniň subutnamasydygyny aýtdy. Ol Gemini 2.5 atly iň akylly emeli aň modeliniň çykarylandygyny we bu modeliň geljekki innowasiýalar üçin esas boljakdygyny belledi. Şeýle hem Google gözleg hyzmatynyň emeli aň arkaly taýýarlanýan gysgaça mazmunlardan peýdalanýandygyny, bu hyzmatdan aýda 1,5 milliard adamyň peýdalanýandygyny aýtdy.
Google-yň biznes boýunça direktory Filipp Şindler gözlegde emeli aň mazmunlarynyň täze girdeji çeşmesine öwrülýändigini we olaryň üstünlikli monetizasiýa edilýändigini aýtdy.
Alphabet-iň maliýe direktory Anat Aşkenazi kompaniýanyň çärýekde 17,2 mlrd dollary tehniki infrastruktura, esasan, serwerlere we maglumat merkezlerine gönükdirendigini aýtdy. Şeýle hem Alphabet-iň ýylyň dowamynda emeli aňyň ösüşine 75 mlrd dollar maýa goýmagy meýilleşdirýändigini mälim etdi.
Şeýlelikde, kompaniýanyň her paýnamadan girdejisi çaklamalardan ýokary bolup, 2,81 dollar boldy. Üç aýlyk umumy girdeji 90,23 mlrd dollar boldy. Google-yň mahabat girdejisi 66,98 mlrd, YouTube-yň mahabat girdejisi bolsa 8,93 mlrd dollar boldy. Google Cloud hyzmatlaryndan gelen girdeji bolsa 12,26 mlrd dollar boldy.
Şeýle-de bolsa, Alphabet ABŞ-nyň federal düzgünleşdiriji edaralarynyň antimonopol derňewleriniň üns merkezinde bolmagyny dowam etdirýär. Kazyýet gözleg hyzmatyny bazarda öňe sürmek üçin, Google-yň milliardlarça dollar harçlandygyny anyklady. Netijede, kompaniýa garşy Chrome brauzerini satmagy boýunça çäreler görlüp başlandy.


düýn 10:46
1.4k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

11.05.2026 18:18
1.1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......

10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

07.05.2026 14:14
2.8k+

Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny......