YouTube aýdym-saz pudagyna ýylda 8 mlrd dollardan gowrak töledi

  • 28.10.2025 00:36
  • 1.4k+

2024-nji ýylyň iýulyndan 2025-nji ýylyň iýuny aralygynda YouTube aýdym-saz pudagyna 8 mlrd dollardan gowrak töledi. Bu maglumatlar wideohostingiň 23-nji oktýabrdaky hasabatyndan gelip çykýar.

Kompaniýa munuň platforma üçin rekord mukdardygyny belledi: ýyllyk tölegler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2 mlrd dollar artdy. 2021-nji ýylyň iýulyndan 2022-nji ýylyň iýuny aralygynda kompaniýa 6 mlrd dollar töläpdi.
Deňeşdirmek üçin, ýylyň başynda Spotify 2024-nji ýylda aýdym-saz pudagyna 10 mlrd dollar töländigini habar berdi. Pullary diňe bir artistler däl, eýsem leýbller, aýdym-saz çykaryjylar, aýdym awtorlary we pudagyň beýleki gatnaşyjylary alýar.
YouTube Music bilen Premium agzalarynyň sany synag döwründäki ulanyjylar bilen birlikde bütin dünýäde 125 mln adamdan geçdi. Hyzmat 100-den gowrak ýurtda elýeterli we 80 dili goldaýar.
Geçen aý YouTube soňky dört ýylda kontent awtorlaryna, artistlere we mediakompaniýalara 100 mlrd dollardan gowrak töländigini habar berdi. 


03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

19.06.2025 09:53
10k+

Forbes 2025-nji ýylyň iň baý we meşhur 50 blogeriniň reýtingini hödürledi

Forbes dünýäniň 50 sany iň köp girdeji gazanan we abraýly blogerleriniň ýyllyk sanawyny hödürledi. Sanawda öňdebaryjy yzygider dördünji ýyl MrBeast (hakyky ady Jimmi Donaldson) bolmagynda galýar. Neşir onuň girdejisini 85 mln dollar diýip hasaplady, onuň akkauntlaryny yzarlaýjylaryň umumy sany bolsa 634 mln adama barabar...

25.05.2025 19:06
7.2k+

MrBeast öz taslamalary bilen iň ýaş milliarder derejesine ýetdi

MrBeast lakamy bilen tanalýan 27 ýaşly YouTube blogeri Jimmi Donaldson baýlygyny öz taslamalarynyň kömegi bilen gazanan dünýäde iň ýaş milliarder boldy. Blogeriň baýlygy 1 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, aýlyk girdeji bolsa, takmynan, 50 mln dollara barabar...

28.04.2025 16:06
1.7k+

Alphabet kompaniýasy Google bilen YouTube-de mahabatyň we emeli aňyň hasabyna çärýeklik girdejisini 46% ýokarlandy

Google-yň we YouTube-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde 34,54 mlrd dollar arassa girdeji gazandy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 46% ýokarlandy. Munuň netijesinde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 4% ýokarlandy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär...