ABŞ-nyň tehnologiýa kompaniýalary ýarym ýylda 94 000 işgäri EA bilen çalyşdy

  • 11.07.2025 01:30
  • 4.5k+

2025-nji ýylyň başyndan bäri amerikan tehnologiýa kompaniýalary emeli aň çözgütleriniň ornaşdyrylmagy sebäpli 94 000 töweregi işgäri işden çykardy. Resmi statistika maglumatlaryna görä, iş prosesleriniň awtomatizirlenmegi köpçülikleýin işden çykarmalaryň esasy sebäbi boldy.

Microsoft-da, esasanam, işläp taýýarlama we orta menejment bölümçelerinde 15 müň işgär işden çykaryldy. IBM kompaniýasy AskHR çat-botunyň kömegi bilen işgärleri dolandyryş funksiýasyny doly awtomatizirledi. Bu bolsa HR bölümlerinde 8 müň işgäriň işden aýrylmagyna getirdi.
Aýratynam, Demirgazyk Amerikanyň tehnologiýa merkezlerinde işden çykarmalar köp boldy. Kremniý jülgesinde 11 müňden gowrak adam öz işini ýitirdi. Tehasda Tesla zawodlarynda 14 müň iş orny azaldyldy. Microsoft-yň ştab-kwartirasynda 2,3 müň işden çykarma hasaba alyndy.
Analitikler häzirki işden çykarmalaryň öňkülerden tapawutlanýandygyny belleýär. Stenford uniwersitetinden ykdysady ylymlaryň doktorynyň aýtmagyna görä, bu wagtlaýyn çäre däl-de, işi guramagyň täze modeline yzygiderli geçişdir.
Hünär jemgyýeti hünärmenlere EA tarapyndan çalşyp bolmajak başarnyklary ösdürmegi maslahat berýär: strategiki meýilnamalaşdyryş, çylşyrymly taslamalary dolandyrmak we dürli bilimlerden baş çykarmak.
Halkara zähmet guramasynyň çaklamalaryna görä, awtomatizirlemä bolan tendensiýa geljek 3-5 ýylda saklanar.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......