Forbes üstünlige özbaşdak ýeten iň baý 50 zenanyň sanawyny hödürledi

  • 01.07.2025 18:45
  • 5.4k+

Forbes žurnaly karýerasyny özbaşdak guran dünýäniň iň baý 50 zenanynyň sanawyny hödürledi. Sanawa girmek üçin zenanlaryň baýlygy azyndan 2,1 mlrd dollar bolmalydy.

Reýtingde birinji orny Şweýsariýadan 80 ýaşly Rafaela Aponte-Diamant eýeleýär. Onuň baýlygy 38,8 mlrd dollara barabar. Ol adamsy Janluiji Aponte bilen bilelikde dünýäde iň uly gämi gatnadýan kompaniýa bolan Mediterranean Shipping Company-ny (MSC) esaslandyrdy. Bu kompaniýa 136 müňden gowrak işgäri, 900 gämini we 675 ofisi öz içine alýar.
Rafaela ilkinji gämini satyn almak üçin 200 müň dollar möçberde karz aldy. Dokuz ýylyň içinde flot 17 gämä çenli giňeldi. Häzir ol gämileriň interýeriniň dizaýnyna gözegçilik etmegini dowam etdirýär we MSC gaznasynyň müdirler geňeşine girýär.
Ikinji orunda üçek we örtük materiallarynyň iň uly distribýutorlarynyň biri bolan ABC Supply kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy, amerikaly Daýan Hendriks ýerleşýär.
Üçünji orny Hytaýdan Hansoh Pharmaceuticals farmasewtika kompaniýasyny esaslandyryjy, 64 ýaşly Çžun Hueýszýuan eýeleýär. Onuň kapitaly 15,6 mlrd dollara barabar diýlip hasaplanylýar.
Şeýle-de, sanawda Opra Uinfri ýaly şou-biznesiň tanymal wekilleri hem bar. 
Reýtingdäki zenanlaryň aglabasy Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň wekilleridir (24 zenan). Soňra Demirgazyk Amerika (20) we Ýewropa (6) gelýär. Sanawdan 14 zenan tehnologiýa işi bilen baglanyşykly.
Sanawda iň ýaş zenan 38 ýaşly awstraliýaly Melani Perkins boldy. Ol grafiki dizaýn platformasy bolan Canva-nyň esaslandyryjylarynyň biridir. 


16.12.2025 19:42
8.4k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...