Tramp kriptowalýutadan we öz ady bolan harytlaryň satuwyndan millionlarça dollar gazandy

  • 17.06.2025 14:18
  • 9.2k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp kriptowalýutadan 57 million dollardan gowrak we öz ady bolan dürli harytlaryň satuwyndan ýene-de millionlarça dollar gazandy. Bu barada Ak tam tarapyndan hödürlenen maliýe deklarasiýasyna salgylanyp, Reuters habar berýär.

Kriptowalýutadan gelen girdeji World Liberty Financial taslamasy bilen baglanyşyklydyr, onda Trampyň ogullary Erik Tramp we Donald Tramp kiçi möhüm orunlary eýeleýär. Bu deklarasiýada görkezilen esasy girdeji çeşmeleriniň biridir. Reuters Trampyň bu işe gatnaşmagynyň gaýry bähbitlerde aýyplamalara getirip biljekdigini belleýär.
Resminama görä, ABŞ-nyň Prezidentiniň gazanjy şeýle görnüşde:

  • ·$3 mln – Save America (“Amerikany halas etmek”) kitabynyň satuwyndan;
  • ·$2,5 mln – krossowka we atyr satuwyndan;
  • ·$2,8 mln – sagat satuwyndan;
  • ·$1,3 mln – Injiliň ýörite nusgalarynyň satuwyndan;
  • ·$1,05 mln – gitara satuwyndan.

Trampyň resminamada görkezilen umumy girdejisi 600 mln dollardan geçdi. Oňa kriptowalýutadan, golf klublaryndan, ygtyýarnamalardan we beýleki aktiwlerden gelen girdejiler girýär. Mundan başga-da, onuň daşary aktiwleri, mysal üçin, Russiýada hasaba alnan Trump, Trump Tower we Trump International Hotel and Tower markalary bar. Olaryň esasy işi gozgalmaýan emläk we myhmanhana işi bilen baglanyşyklydyr.
Reuters agentliginiň hasaplamagyna görä, Prezidentiň aktiwleriniň umumy bahasy azyndan 1,6 mlrd dollara barabar. Deklarasiýada girdejiniň alnan döwri görkezilmeýär, ýöne agentlik resminamanyň 2024-nji ýyly öz içine alýandygyny we täze kripto-taslamalardan alnan girdejileriň bir bölegini göz öňünde tutmaýandygyny çaklaýar.


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......

04.02.2026 12:43
7.7k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

24.01.2026 15:31
3k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...