X-iň baş direktory Ýakkarino işden gitdi. MrBeast bu wezipä özüni hödürledi

  • 10.07.2025 14:01
  • 4.5k+

X (öňki Twitter) sosial ulgamynyň baş direktory Linda Ýakkarino kompaniýadan gidýändigini habar berdi.

“Men iki ýyldan soň X-iň baş direktory wezipesinden gitmek kararyna geldim. Haçan-da biz Ilon Mask bilen ilkinji gezek X-iň geljegi barada gürrüňdeş bolanymyzda, men munuň kompaniýanyň ajaýyp missiýasyny durmuşa geçirmek üçin gowy mümkinçilik boljakdygyna düşündim. Men oňa söz azatlygynyň goragyny, kompaniýany üýtgetmegi we X-i hemmetaraplaýyn programma öwürmegi ynanandygy üçin çäksiz minnetdar” – diýip, Ýakkarino X-de ýazdy.

Ol wezipeden gitmeginiň sebäbini aýtmady.
Ýakkarino Maskyň teklibi bilen 2023-nji ýylyň iýunynda kompaniýa ýolbaşçy boldy. Mundan öň NBCUniversal-da mahabat satuwyna ýolbaşçylyk etdi. Eýeleýän wezipesine garamazdan, esasy çözgütleri müdirler geňeşiniň başlygy bolan Mask kabul edýärdi.
Twitter-i satyn alandan soň, Mask rebrending geçirip, birnäçe üýtgeşmeleri teklip etdi. Şol sebäpli platforma ençeme gezek tankyda sezewar edildi. Ýakkarino ahyryna çenli mahabat berijileriň we ulanyjylaryň öňünde Masky goldady diýip, The New York Times ýazýar.
Onuň gitmegi sebäpli wideobloger MrBeast (hakyky ady – Jimmi Donaldson) garaşylmadyk ýagdaýda sosial ulgama ýolbaşçy bolmak isleýändigini aýtdy.
Ol X-de Ýakkarinonyň işden gitmegi baradaky habara teswir berip, “Bu ýeri men eýelärin” diýip ýazdy.
MrBeast YouTube-de iň meşhur bloger we üçünji iň meşhur TikTok ulanyjysydyr.
Bloger öz sosial ulgamyna ýolbaşçylyk etmek islegi barada birinji gezek aýtmady. Ýanwarda ol TikTok-y satyn almaga we ony ABŞ-da petiklenmekden halas etmäge taýýardygyny mälim etdi. Soňra ol degişli postdan soň özi bilen birnäçe milliarderiň habarlaşandygyny aýtdy.


20.06.2026 10:45
3.9k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......