Forbes dünýäniň iň baý zenanlarynyň reýtingini hödürledi

  • 08.06.2025 21:03
  • 9.9k+

“Forbes” amerikan žurnaly dünýäniň iň baý zenanlarynyň ýyllyk reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny telekeçi Diana Hendriks – ABC Supply gurluşyk kompaniýasynyň eýesi eýeledi. Onuň baýlygy 22,3 mlrd dollar diýlip hasaplanýar.

78 ýaşly Hendriks birinji orny birnäçe ýyl bäri saklaýar we amerikan işewürliginiň taryhynda iň üstünlikli zenanlaryň biri hasaplanýar. Ol öz adamsy Ken Hendriksi ýogalandan soň, ABC Supply kompaniýasynyň başyna geçdi – olar bu kompaniýany bilelikde 1982-nji ýylda esaslandyrypdy.
Ikinji orny saglygy goraýyş ulgamy üçin programma üpjünçiligini işläp düzýän Epic Systems kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory 81 ýaşly Judi Folkner eýeledi. Onuň baýlygy 7,8 mlrd dollara barabar. Üçlügi 6,9 mlrd dollar kapital bilen Little Caesars Pizza restoranlar ulgamynyň 92 ýaşly eýesi Mirian Iliç jemleýär.
Ilkinji ýigrimilige şou-biznes ýyldyzlary hem girdi – telealypbaryjy Opra Uinfri (3,1 mlrd dollar), telekeçi we model Kim Kardaşýan (1,7 mlrd dollar). Aýdymçy Teýlor Swift 1,6 mlrd dollar baýlygy bilen 21-nji orny eýeleýär. 


düýn 19:42
7.6k+

Mask taryhda 600 mlrd dollar baýlygy bolan ilkinji adam boldy - Forbes

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask baýlygy 600 mlrd dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Oktýabrda ol ilkinji bolup 500 mlrd dollar görkezijisinden geçipdi. Neşiriň maglumatlaryna görä, Maskyň baýlygynyň ösüşiniň esasy sebäbi SpaceX kompaniýasynyň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy boldy...

09.12.2025 21:31
12k+

29 ýaşly braziliýaly baýlygyny özbaşdak gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy

29 ýaşly braziliýaly telekeçi, Kalshi platformasyny esaslandyryjylaryň biri Luana Lopes Lara baýlygyny öz güýji bilen gazanan dünýäde iň ýaş zenan milliarder boldy. Bu barada Forbes USA habar berýär. Lopes Lara Kalshi platformasyny maliýeleşdirmegiň täze tapgyryndan soň milliarder statusyny aldy...

27.11.2025 23:20
6.4k+

Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin dünýäniň iň baý adamlarynyň üçlügine girdi

Google kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri bolan Sergeý Brin 245 mlrd dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý adamlarynyň ilkinji üçlügine girdi. Forbes neşiriniň hasaplamalary boýunça, ol Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellisondan öňe geçdi...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...