Meta akylly äýnekleri döretmekde Prada moda öýüni işe çekdi

  • 19.06.2025 17:01
  • 4k+

Meta kompaniýasy Prada italýan moda brendi bilen hyzmatdaşlykda emeli aň funksiýalary bilen akylly äýnekleri işläp taýýarlaýar. Gurluşyň çykjak senesi heniz belli däl.

Taslama Meta-nyň tehnologiýalary moda pudagyna ornaşdyrmak strategiýasynyň bir bölegidir.
TechCrunch-yň maglumatlaryna görä, Prada bilen hyzmatdaşlyk Meta-nyň moda brendleri üçin iň uly optika öndürijisi bolan EssilorLuxottica bilen hyzmatdaşlygyň çäginden çykyp, täze brendleri işe çekmek islegini görkezip biler. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Meta ozal Ray-Ban brendi bilen akylly äýnekleri çykardy.
Prada EssilorLuxottica-yň düzümine girmeýär, ýöne olar eýýäm onlarça ýyl bäri optika boýunça hyzmatdaşlyk edýär, ýakynda bolsa taraplar häzirki şertnamany uzaltdy.
Ray-Ban Meta AI smart glasses äýnekleriniň satuwy eýýäm birnäçe million nusga ýetdi. Hünärmenler satuwy dakylýan gurluşlaryň bazary üçin üstünlikli hasaplaýar.
Şu hepde kompaniýa EssilorLuxottica-yň başga bir brendi – Oakley bilen hyzmatdaşlygy anons etdi. Bu brend äýneklere ýöriteleşýär, ýöne aýakgaplary we aksessuarlary hem çykarýar. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Oakley Meta Smart Glasses modeli ýakyn günlerde, ähtimal, anna güni hödürlenip bilner. Gurluşyň çen-takmyn bahasy 360 dollara barabar.


18.01.2026 19:47
2.1k+

Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular

Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna  («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular...

17.01.2026 15:15
2.5k+

Mark Sukerberg işgärleri üçin 300%-e çenli bonuslar ulgamyny girizýär

Şu ýyl Mark Sukerberg Meta kompaniýasynda iň gowy işlänler üçin täze bonuslary we işiň netijelerini bahalandyrmak ulgamyny girizýär diýip, Business Insider habar berýär. Bonuslaryň möçberi dürli ölçeglere esaslanar...

05.12.2025 16:50
2k+

Apple-iň esasy interfeýs dizaýneri Meta kompaniýasyna geçýär

Apple-iň interfeýs dizaýny boýunça wise-prezidenti Alan Daý 31-nji dekabrda Meta kompaniýasyna işe geçer. Bu barada Bloomberg agentligi habar berdi. Soňra maglumaty Apple-iň wekili tassyklady. Meta-da Alan Daý dizaýn boýunça direktor wezipesini eýelär...

01.09.2025 14:18
4.2k+

TikTok-yň eýesi ByteDance girdeji boýunça dünýäde iň uly sosial ulgam boldy

Meşhur TikTok programmasynyň eýesi bolan ByteDance kompaniýasy işgärlerden paýnamalary yzyna satyn almagyň täze tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyr kompaniýanynyň bahasynyň 330 mlrd dollardan gowrak bolmagyna getirer, bu bolsa öňki 315 mlrd dollar bahadan ýokarydyr diýip, Reuters habar berýär...